BAŞ SAHYPA

TGÝMJ-niň Akdepe etrap wekili we “Güneş” ýaşlar merkeziniň meýletinçileri tarapyndan, çagalaryň şahsy arassaçylygy berjaý etmegiň we onuň saglyga täsiriniň ähmiýeti barada habarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, etrabyň 19-njy çagalar bagynyň çagalarynyň arasynda “Arassaçylyk, şahsy arassaçylyk” mowzugy boýunça okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagy interaktiw söhbetdeşlik bilen başlandy, onda çagalar arassaçylygyň düzgünleri boýunça öz bilimlerini paýlaşdylar. Soňra şahsy arassaçylyk düzgünleriniň esasy ýörelgeleri aýdylyp, ýagny eliňi ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmak, günde iki gezek diş arassalamak, egin-eşikleriňi we aýakgaplaryň arassa saklanmagy, sowuklamalaryň we ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy arassaçylygyň ähmiýeti, dogry iýmitlenmek we onuň saglyga ýetirýän täsiri barada giňden gürrüňler edildi.  Çagalar dogry el ýuwmak we diş arassalama usullaryny görkezmäge çalyşdylar. Şeýle hem, olar arassaçylyk boýunça sorag-jogap oýnuna gatnaşyp, öz bilimlerini barlamak we peýdaly maslahatlar almak mümkinçiligine eýe boldular. Çagalar bu mowzuga uly gyzyklanma bildirip, sorag-jogaplar alyşyp işjeň gatnaşdylar. Şeýle geçirilýän çäreler, çagalaryň sagdyn endiklerini emele getirmegine, saglygyna bolan jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga we keselleriň öňüni alyş çärelerini güýçlendirmegine uly kömek berer diýip umyt edýäris.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
17010258
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13280
14793
171842
419489
17010258

Siziň IP: 3.139.91.194
2025-03-11