BAŞ SAHYPA

Bu hepde TGÝMJ-niň Saglyk goraýyş we durmuş-üpjünçilik bölüminiň işgärleri   hassalar we olaryň garyndaşlary üçin “Näsagyň mekdebi” moduly boýunça okuw sapaklaryny geçirdi. Toparlaýyn  okuw  sessiýasyna 8 adam gatnaşdy, bu ýerde saglyk işgärleri köp sanly dermana  durnukly  (MDR) we giň dermana durnukly (XDR) inçekeselli näsaglaryň bejergisini goldamagy dowam etdirip, häzirki täzelenen teklipler barada söhbet etdiler. Bejerginiň berjaý edilmegini gowulandyrmaga gönükdirilen psihososial goldaw usullary; inçekesel bilen baglanyşykly stigmany we diskriminasiýany azaltmagyň ýollary; Näsaglar we olaryň maşgalalary bilen özara gatnaşyklar  üçin stres dolandyryş endikleri. Sapagyň ahyrynda ähli hassalara höweslendiriji iýmit toplumlary  we arassaçylyk toplumlary  berildi.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16579384
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
5831
14331
160457
292623
16579384

Siziň IP: 3.129.73.98
2025-02-11