TGÝMJ-niň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň gurnamagynda, Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň wekili meýletinçileri bilen bilelikde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Çagalar we Ýetginjekler döredijilik öýüne gatnaýan okuwçylaryň arasynda ýangyn howpsuzlygy we ýangyn dörände özüňi alyp barmagyň kadalary barada wagyz-ündew işleri geçirildi. Meýletinçiler hem öz gezeginde ýaş nesillere ýangynyň öňüni almak boýunça bilim berilmegi barada döwlet ähmiýetli işleri amala aşyrýarlar. Çünki seresaply bolmak endiklerini öwretmek, ozaly bilen ýaş nesilleriň ömrüni, saglygyny goramak ugrundaky göreşdir.