BAŞ SAHYPA

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, gazet-žurnallaryň wekillerinden düzülen toparyň Ahal welaýatyna iş saparynyň çäklerinde şu ýylyň 15-16-njy ýanwarynda wagyz-nesihat duşuşyklary  geçirildi. 

Şeýle duşuşyklar dürli pudaklarda zähmet çekýän watandaşlarymyzyň, Mejlisiň deputatlarynyň, ýaşuly nesliň, häkimlikleriň wekilleriniň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň,  ýaşlaryň gatnaşmagynda Tejen etrap häkimliginde, Kaka etrabynda, Babadaýhan etrabynyň Babadaýhan dokma toplumynda, Sarahs etrabynyň Bereket obasynda ýerleşýän 27-nji orta mekdepde geçirildi. Jemi 2020 den  gowrak  adam  gatnaşdy. Duşuşyklardaky çykyşlarda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň halkara gatnaşyklarda döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrjakdygyna ynam bildirildi. Türkmenistanyň Gyzyl  Ýarymaý Milli  jemgyýeti  ýurdumyzyň  baýry ynsanperwer jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak  bilen, raýatlaryň  durmuş goraglylygyny üpjün  etmek, ilatyň  saglygyny  goramak, ilaty  adatdan  daşary  ýagdaýda özüňi  alyp  barmagynyň düzgünlerini  öwrenmek, ýaş  nesili  türkmen  halkynyň rehimlilik, duýgudaşlyk we  ýakynyňa  kömek goluny  uzatmak  ýaly iň gowy  däpleriň ruhynda terbiýelemek ýaly ugurlarda, döwletimiziň kömekçisi  hökmünde uly  işler geçirilýär. Milli jemgyýet öz  asylly ynsanperwer wezipesini ýerine ýetirmek, bilen Gyzyl  Haç we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketinde biziň ýurdumyza  mynasyp wekilçilik  edýär. Haýyr- sahawatyň, ynsanperwerligiň we  adamkärçiligiň beýik  nusgasyny  görkezip, il  bähbitli ýurt ähmiýetli tutumly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak we işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

           

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16398356
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10295
13929
272052
476699
16398356

Siziň IP: 18.118.12.199
2025-01-30