BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hünärmenleri her ýyl 24-nji martda bellenilýän Bütindünýä inçekesel güni mynasybetli çärelere gatnaşdylar. Bu halkara senesi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keseller merkezleri müdirýetinde geçirilen ylmy-amaly maslahata bagyşlandy.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan gurnalan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wekilleri, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hünärmenleri, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň ftiziatr lukmanlary ýygnandy, ikinjisi onlaýn gatnaşdy, şeýle hem Aşgabat şäherinden hassahanalaryň ýolbaşçylary hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary gatnaşdylar.

Maslahatda “Inçekesele garşy göreşmek boýunça” Milli maksatnamanyň çäginde edilen işleriň netijeleri jemlendi, mundan beýläk-de işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi. Maslahatda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, hususan-da Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleriniň hem maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşandygy bellenildi. Öňüni alyş çäreleri, öz wagtynda dogry bejergi we beýleki çäreler boýunça işgärleri, şeýle hem raýatlary we näsaglary taýýarlamaga işjeň gatnaşýarlar.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15576469
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10914
13503
357852
609071
15576469

Siziň IP: 3.144.86.38
2024-11-24