BAŞ SAHYPA

Adatdan daşary ýagdaý - bu özi bilen adam pidalaryna,adamlaryň saglygyna ýa-da daşky gurşawa zyýan ýetirilmegine, uly möçberde maddy ýitgilere we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň bozulmagyna getiren ýa-da getirip biljek, görnüşi boýunça iki topardan ybarat tebigy we tehnogen ýagdaýlardyr. Adatdan daşary ýagdaýlara getirip biläýjek tebygy betbagtçylyklar we tehnogen heläkçilikler bolan halatynda adamlaryň jebir-jepalaryny azaltmak, heläkçilige we ýitgilere bolan töwekgelçiligi peseltmek, jebir çekenlere ynsanperwerlik kömegini bermek, olary goramak we goldamak işi Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

 Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi her ýyl welaýatyň etrap-şäherleriniň birinde ilaty adatdan daşary ýagdaýlara, tebigy betbagtçylyklara hem-de tehnogen hadysalara taýýarlamak, olary guramaçylykly howpsuz guşaklyga göçürip ýerleşdirmek, halk köpçüligini wagtynda habarly etmek, olaryň taýýarlygyny ýokarlandyrmak, şol ýagdaýlarda özüňi alyp barmaklygy we lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekligi öwretmek boýunça giň gerimli amaly okuw-tälimleri geçirip gelýär. Bu gezek aprel aýynyň 14-17-si aralygynda Milli jemgyýetiň ähli welaýat bölümleriniň dürli wezipede işleýän işgärleriniň we işjeň meýletinçileriniň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Köýten obasynda “Adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň endikleri we başarnyklary”, şeýle-de Lukmandan deslapky ilkinji kömek bermegiň kadalary” ady bilen dört günlik amaly-sport, tälim beriş okuw çäresini geçirdi. Çäräniň dowamynda Milli jemgyýetiň ýörite hünärmenleriniň okuw sapagyny gollanmalaryň , prizentasiýalaryň, gyzga göwrümli wideorolikleriň, şeýle-de amaly türgenleşikleri ýerine ýetirmek bilen giňişleýin düşündirip geçmekleri, bu ugurda ýeterlik maglumatlara eýe bolup, islendik ýüze çykyp biläýjek adatdan daşary ýagdaýlarda esasy  ýerine ýetirmeli ädimleri, düzgünleri dogry berjaý edip bilmek başarnyklary has-da berkidildi. Dört gün dowam eden amaly-sport, tälim beriş okuw çäresinde adatdan daşary ýagdaýlar hakynda düşünjeler, onuň klassifikasiýasy, baha bermek we gaýra goýulmasyz ýagdaýlar barada, betbagtçylykly ýagdaýlarda ulanylmaly serişdeler, hökmany bilmeli maglumatlar, “Maşgala aragatnaşyklaryny dikeltmek” we “Sewil ylalaşygy”  şeýle hem SFERA taslamasy, ejir çekene Ilkinji ruhy goldaw bermegiň zerurlygy we Lukmandan deslapky ilkinji kömek bermegiň düzgünleri barada boýunça okuw sapaklary geçirildi, toparlaýyn bölünip amallar dogry hereketler bilen ýerine ýetirildi. Adatdan daşary ýagdaýlarda dogry we öz wagtynda ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagynyň durnuklylygyny saklamak üçin ilkinji zerurlyk serişdeleriniň kömek berilmegi, ilkinji we dogry hereketler netijesinde heläkçiligi we ýitgileri azaltmak, adamlaryň jebir-jepalaryny ýeňilleşdirmek mümkin bolup durýar. Munuň üçin bolsa, şeýle- amaly-sport tälim beriş okuwlaryny ýygy-ýygydan geçirip, tejribeleri paýlaşmak, habarlylygy artdyrmak, halkyň asuda-abadan ýaşaýşyny üpjün etmek baradaky Döwlet syýasatymyza öş goşantlarymyzy goşmalydyrys.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
May 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
18116756
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13827
12654
352430
446852
18116756

Siziň IP: 216.73.216.207
2025-05-23