Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniñ Daşoguz welaýat bölümi Daşoguz welaýat Raýat goranyş we halas ediş müdirliginiň wekilleri bilen bilelikde, 2025-nji ýylyň 17–18-nji aprelinde Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk boýunça giň gerimli tälim beriş okuwy geçirildi. Okuw "Adamlaryň Türkmenistana gyssagly ýagdaýda köpçülikleýin gelen ýagdaýynda, olara wagtlaýyn goragyň berilmegi bilen bagly Daşoguz welaýatynyň çäklerinde döräp biljek adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek" atly mowzuk bilen baglanyşykly boldy. Tälim beriş okuwyň dowamynda dürli hakyky ýagdaýlara laýyklykda hereketleriň utgaşdyrylmagy, degişli düzümleriň özara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy, şeýle-de raýatlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça çäreler işlenilip düzülip görkezildi. Bu geçirilen tälim beriş okuwyTürkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşmek ulgamynyň kämilleşdirilmegine, işgärleriň taýýarlyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna we ilatyň goraglylygynyň üpjün edilmegine gönükdirildi.