BAŞ SAHYPA

2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda TGÝMJ-iň Mejlisler zalynda   “PARAHATÇYLYGYŇ WE ABADANÇYLYGYŇ BERK  BINÝADY” atly çärei geçirildi. Bu  çärä  TGÝMJ-niň Ahal welaýat bölümi,  Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriň Halkara  Federasiýasynyň we Gyzyl Haç Halkara Komitetinyň ýurdumyzdaky wekilleri, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasy, Magtymguly adyndaky  Ýaşlar Guramasynyň, Türkmenistanyň Senagat  we Telekeçiler  partiýasynyň,   Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň  wekilleri gatnaşdylar we özlerniň alyp  barýan  işleri  barada döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerini hem-de jebisligini berkitmekde alynyp barlylýan işleri  barada aýdyp geçdiler. Eziz Diýarymyzda belent ruhubelentlik bilen giňden bellenilip geçilen Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni,  Aşgabat şäheriniň güni, 8-nji maý  Gyzyl  Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň döredilen güni barada hem-de 1-nji iýun Çagalary goramagyň  Halkara güni bilen   ajaýyp gutlag  sözleri aýdyldy. Bu şanly seneler halkymyzyň agzybirliginiň, döwlet gurluşymyzyň mizemezliginiň, döwletli Diýarymyzyň dünýäde eýeleýän mertebesiniň aýdyň nyşanydyr diýip belläp geçdiler

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
18458946
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2758
11891
208586
486034
18458946

Siziň IP: 216.73.216.38
2025-06-14