BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi elmydama raýatlaryň bilim derejesini kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi ata-babalarymyzdan gelýän milli ýol-ýörelgelerine esaslanyp terbiýelemek, ahlak arassalygy, maşgalany gorap saklamak, arassaçylygy berjaý etmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesili kemala getirmek, ulyny sylamak - kiçini söýmek ýaly bilim-terbiýe beriji öwüt-ündew we amaly okuw çäreleri halkyň arasynda yzygiderli geçirýär. Şeýle çäreleri göwnejaý, ussatlyk bilen geçirmek, okuwlary gowy hilli alyp barmak üçin bolsa geçirilýän okuwlar boýunça dünýä ülňülerine gabat gelýän täze gollanmalary ulanmaly we amaly tälim beriş ýollary bilen öz-özüňi kämilleşdirmek, gurplandyrmak we tejribe toplamak derwaýys bolup durýar. Şu nukdar nazardan Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi ýurdumyzda öň Hormatly Arkadagymyz tarapyndan yglan edilen aprel aýynyň 1-30-y aralygynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş medeni çäreleriň bir aýlygynyň çäklerinde, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ady berilen 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 14-17-si aralygynda Milli jemgyýetiň ähli welaýat bölümlerinde dürli ugurda zähmet çekýän işgärlerinden we meýletinçilerinden düzülen topar bilen Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Köýten obasynda “Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk” we “Lukmandan deslapky ilkinji kömek bermegiň endikleri” boýunça dört günlik amaly sport tälim beriş okuwyny geçirip geldi. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda abzallaşdyrylan otagda gurnalan tapgyrlaýyn dört günlik amaly okuw çäresi diýseň täsirli hem gyzykly geçdi. Tebigatyň täsiri ýa-da çölde, suwda we himiki partlaýjy maddalaryň täsirinde, ýertitremelerde, toprak süýşmelerinde duş gelip biläýjek her bir hadysa barada aýratyn aýdylyp geçildi. Adatdan daşary hadysa netijesinde ejir çekenleri halas etmek üçin lukmanlar gelmezinden öň lukmançylykda ulanylýan serişdeler tapylmadyk halatynda gol aşagynda bar zatlardan ýerlikli we dogry peýdalanmagyň usullary görkezildi. Her bir adamyň durmuşynda gabat gelip biläýjek dürli betbagtçylyklarda ejir çekene ilkinji gaýragoýulmasyz kömegi bermegiň dogry ýollary prizentasiýalar we amallar arkaly giňişleýin düşündirmek bilen bu ugurda bilimleri kämilleşdirildi. Başarmaklyk ol özüňe bolan ynam döredýär. Bu bolsa gaýragoýulmasyz ýagdaglar ýüze çykan halatynda netijeli özüňi alyp barmaklygy çözýär. Adamyň ömrüni halas edip, saglygyny gorap saklamaga gönükdirilen kömegi bermegiň dogry ýollaryny bilmek her birimiziň borjumyzdyr.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
May 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
18116407
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13478
12654
352081
446852
18116407

Siziň IP: 216.73.216.80
2025-05-23