Geçirilýän okuw seminarlaryň esasy maksady – betbagtçylykly waka ýüze çykan wagtynda lukman gelýänçä, adamlaryň durmuşyny halas edip biljek ilkinji kömek endiklerinini öwretmek bolup durýar. Meýletinçiler öz deň-duşlarynyň arasynda dem alyş ýollarynyň bozulmagy, gan akmalar, çaşmak, gün urmak, trawmalar, ýürek tutgaýy ýaly gaýragoýulmasyz ýagdaýlar nähili dogry hereket etmeli diýen ýaly meseleler bilen tanyşdylar.
Okuw sapaklary diňe bir nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem manekenleriň we ýörite enjamyň kömegi bilen amaly türgenleşikleri hem öz içine aldy.
Guramaçylar ilatyň uly gyzyklanma bildirýändigini bellemek bilen, şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigini nygtaýarlar. Meýletinçileriň sözlerine görä, ilkinji kömegiň esaslaryny bilmek diňe bir peýdaly endik däl-de, her bir raýatyň jogapkärçiligidir.
Meýletinçileriň geljekki meýilnamalarynda seminarlaryň gerimini giňeltmek we mekdep okuwçylary hem-de talyplar üçin goşmaça türgenleşik okuwlaryny geçirmek meýilleşdirýär.