Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Baky Bitarap Türkmenistan döwletinde ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň abadanlygyny we saglygyny goramakda, olara durmuş taýdan goldaw bermekde, ýaşlary milli däp-dessurlaryň ruhunda terbiýelemekde we ynsanperwerlik gymmatlyklary ýaýratmakda Hormatly Gahryman Akadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň öňde goýan maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde saldamly goşantlaryny goşup gelýär.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň 2025-nji ýylyň iş meýilnamalarynyň esasynda aprel aýynyň 1-30-y aralygynda ýurdumyzda yglan edilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş medeni çäreleriňbir aýlygynyň çäklerinde, Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlar baradaky Döwlet toparynyň ýyllyk meýilnamalaryndan ugur alyp, Milli jemgyýetiň Lebap welaýat bölüminiň gurnamagyndaüstümizdeki aýyň 14-17-si aralygynda welaýatyň Köýtendag etrabynyň Köýten obasynda “Adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň endikleri we başarnyklary”, şeýle-de Lukmandan deslapky ilkinji kömek bermegiň kadalary” ady bilen dört günlikamaly-sport,tälim beriş okuw çäresiniň geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Kämilleşmek ugrunda iş tejribelerini paýlaşmak, jemgyýetiň abraýyny artdyrmak we halkyň saglyk we durmuş üpjünçilik ýagdaýyna goşant goşmak, agzybirligi, işleňligi, maksada okgunlulygy has-da artdyryp, işiň oňyn netijeliligini gazanmak maksady bilen geçirilen amaly – sport, tälim berişokuw çäresine Milli jemgyýetiň Arkadag, Ahal, Balkan, Mary, Daşoguz we Lebap welaýat bölümlerinde we şäher-etraplarynda dürli wezipeler boýunça zähmet çekýän işgäleri we meýletinçiler işjeň gatnaşdylar. Tassyklanan meýilnama laýyklykda çäräniň açylyş dabarasynda Milli jemgyýetiň jogapkär wekilleri bolan B.B.Alyýewiň, A.M.Ataýewiň we B.Gurbanowyň geçiriljek çäräniň meýilnama boýunça maksady gatnaşyjylara tanyşdyrylyp, howpsuzlyk düzgünleri, guramaçylyk soraglary şeýle hem garaşylýan netijeler hakynda çykyşlary diňlenildi.
Amaly-sport, tälim beriş okuw çäresiniň gatnaşyjylary Köýtendagynyň arassa howasynda toparlaýyn bolup her gün ir säherde ertirlik bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek bilen bedenlerini taplap, ruhy sagdynlyk, şähdaçyklyk bilen okuw çäresine başlamak bilen çäräniňsoňunda wagtyny gyzykly geçirmek, bir-biregiň arasynda dostlykly gatnaşyklary, pikir alyşmaklygy we bilim-başarnyklary paýlaşmak maksady bilen döredijilik agşamlaryny geçirdiler. Milli jemgyýetiň işgärleri we meýletinçilerinden düzülen toparlaryň taýýarlan kim bilmeçe oýunlaryna, aýdym-tanslaryna tomaşa edildi hem-de ajaýyp tebigatymyzy, asuda Watanymyzy, şadyýan çagalaygymyzy wasp edýän ussat we görnükli şahyrlarymyzyň goşgulary diňlenildi. 15-nji aprel güni ýagny, okuwyň ikinji gününde Balkan we Mary welaýat bölümleriniň jogapkär işgärleriniň ýerine ýetirmeginde “Adatdan daşary ýagdaýlar hakynda düşünjeler, onuň klassifikasiýasy, baha bermek we gaýra goýulmasyz ýagdaýlar” barada çykyşlary diňlenip, Daşoguz we Ahal welaýat bölümleriniň wekilleri tarapyndan bolsa “Adatdan daşary ýagdaýlar dörände ulanylmaly serişdeler, hökmany we zerur maglumatlar” boýunça okuw sapaklary geçirildi. Şoňra merkezi edarasynyň we Balkan welaýat bölüminiň işgärleri tarapyndan“Adatdan daşary ýagdaýlar dörände SFERA taslamasy” barada okuw sapagygeçirilip, Lebap welaýat bölüminiň ussat tälimçileri tarapyndan“Lukmandan deslapky ilkinji kömek bermegiň tärleri” barada okuwlar alynyp baryldy. Okuw gününiň ikinji ýarymynda Lebap we Balkan welaýat bölümleriniň işgärleriniň ýerine ýetirmeginde “Adatdan daşary ýagdaýlar dörände Ilkinji ruhy goldaw bermegiň zerurlygy we düzgünleri” barada çykyşlary diňlenip, merkezi edaranyň şeýle-de, Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri tarapyndan bolsa “Maşgala aragatnaşyklaryny dikeltmek” we “Sewil ylalaşygy” hakynda düşünjeler berildi hem-de pikir alyşmalar boldy. Okuwyň ahyrynda geçilen sapaklar boýunça diňleýjilerden bilim derejesiniň barlag testleri alyndy we bu ugurda baha bermek amala aşyryldy. Aprel aýynyň 16-yna Milli jemgyýetiň ähli welaýat bölümleriniň Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak bölümçe müdirleriniň jogapkärçiliginde geçirilen okuwlary özleşdirmek, edilmeli hereketleri berkitmek we türgenleşmek maksady bilen, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärlerini we meýletinçilerini iki topara bölüp, günüň birinji ýarymynda 1-nji toparyň, günortandan soňra bolsa 2-nji toparyň amallary ýerine ýetirildi.
Bitaraplyk syýasatyna eýerýänýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş medeni çäreleriňbir aýlygynyň çäklerinde, uly jogapkärçilik duýup, ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň abadanlygyny we saglygyny goramakda, olara ruhy we durmuş taýdan goldaw bermekde Döwletimiziň iň ýakyn ýardamçylary bolmak bilen özlerini kämilleşdirip, taýýarlap ustünliklere, gowy netijelere tarap barýan Milli jemgyýetiň işgärleri we meýletinçilerineynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” yglan edilen 2025-nji ýylda Milli jemgyýetimiziň döredileniniň 99-ýyllygynyň şanyna we Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň şanly 30 ýyllyk baýramçylygynyň öňisyrasynda amaly-sport, tälim beriş okuw çäresine işjeň gatnaşanlygy üçin Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi tarapyndan dabaraly ýagdaýda höweslendiriji ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri we meýletinçileri amaly-sport, tälim beriş okuw çäresiniň soňunda şeýle çäreleri gurnamaga, işlemäge, döretmäge, aň-bilimiňi artdyryp has-da öňe gitmäge, ösmäge ullakan mümkinçilikler döredip berýän, il-ýurdumyzyň, tutuş dünýäniň parahatçylygy, durnukly ösüşi, halkyň saglygy, eşretli gelejegi üçin uly tagallalary edýän Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolup, umumyadamzat bähbitli tutumlary işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.