BAŞ SAHYPA

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadaly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladalary netijesinde ak saçly enelerimize, mährem zenanlara, gulam saçly gyzjagazlara çaksiz sylag sarpa goýulýar. Halkara Zenanlar güni mynasybetli baỳramçylyk çäresi Dőwletimiziń ähli künjeginde uly dabara bilen bellenilip geçirilỳar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem bu ady agzalan baỳramçylyk  mynasybetli  Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň  Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap we Türkmenbaşy şäher şahamçalarynyň  bilelikde gurnamagynda Türkmenbaşy şäherindaki kömekçi mekdep internadynyň  okuwçylarynyň arasynda “Hany bakaly, Gyzlar!” ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň şerti boýunça 3 topar bolup bäsleşdiler. Çärä gatnaşan okuwçylar oz başarnygyny görkezip mährem enelerimizi wasp edýan aýdym, goşgy aýdyp, el hünärlerini görkezdiler. Bäsleşik emin agzalarynyň beren bahalaryna göra jemlenip “Bagül” topary 1-nji orna, Çemen topary 2-nji orna, Çigildem topary 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuruldy. Çäräniň yzygyderliginde Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Türkmenbaşy etrap we Türkmenbaşy şäher şahamçalarynyň meýletinçileriniň billikde gurnamagynda baýramçylyk mynasybetli çagalar üçin taýýarlan şowhunly şowhunly konsertleri, dabaraly çykyşlary bilen  çagalaryň ruhyny galkyndyrdylar we şatlygyna şatlyk goşdular. Çärä gatnaşan çagalaryň ahlisine meýletinçileriň taýýarlan süýjilik sowgatlary paýlanylyp berildi, her bir çaganyň şatlygy ýurdumyzyň parahatlygy.

 

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
17056196
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
12017
14571
217780
419489
17056196

Siziň IP: 18.218.196.220
2025-03-14