BAŞ SAHYPA

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak  ýylymyzyň” başynda şeýle ýatdan çykmajak amaly-okuw sapagy Murgap etrabynyň tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen guraldy. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň hünärmenleri tarapyndan guraldy. “Adatdan daşary ýagdaýlarda taýýarlyk okuwy” at bilen geçirilen amaly okuwy Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Mary welaýat saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň ussat tälimçisi Oguljuma Saparmuhammedowa, adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we maddy  enjamlaýyn üpjünçilik bölümçesiniň müdiri Muhammetgeldi Allaýarow dagynyň gatnaşmagynda, mekdebiň mugallymlarynyň ýardam bermeginde örän gyzykly geçdi. Okuwçylar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen hünärmenlere ýüzlenip, özlerini kanagatlandyrýan jogaplary aldylar. Olar keselleriň ýüze çykyşy, ýaýraýşy barada öň özlerine belli bolmadyk maglumatlary oba saglyk merkezinden gelip amaly okuwa gatnaşýan myhmanlardan hem aldylar. Oba lukmanlary möwsümleýin ýaýraýan sowuklamanyň öňüni alyş çäreleri barada düşündirdiler. Adatdan daşary ýagdaýlarda berilmeli tiz kömek çäreleriň guralşyny lukmanlar okuwçylar bilen amaly okuwda gurap görkezdiler.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16976998
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
9241
18463
138582
419489
16976998

Siziň IP: 18.118.45.173
2025-03-09