BAŞ SAHYPA

Ilatyň saglygyny berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimizde berkarar etmek amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti lukmandan deslapky ilkinji kömek endikleri boýunça ýewropa standartlaryna laýyk gelýän okuw sapaklary mugallymlaryň gözegçiliginde tejribeli hühärmenleri we meýletinçileri tarapyndan ýygy-ýygydan geçirilýär.  Ýörite tälim alan jogapkär meýletinçi toparlar mekdeplerde hereket edýärler. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hünärmenleri we meýletinçileri  adatdan daşary ýagdaylarda lukmana çenli edilýän ilkinji kömegiň ähli syrlaryny çagalara  ussatlyk bilen jikme-jik öwredýärler. Mugallymlar we okuwçylar Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hünärmenlerinden we meýletinçilerinden örän hoşal boldular. Mundan beýläk hem täze maglumatlar bilen paýlaşmagy dowam etmegi  bizden haýyş etdiler. 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16579288
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
5735
14331
160361
292623
16579288

Siziň IP: 3.21.12.244
2025-02-11