BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi. Krizis ýagdaýlaryna täsirli jogap bermäge taýýarlyk görmek üçin nagt wauçer kömegi barada umumy düşünjäniň tanyşdyrylyşy boldy. Şeýle hem, gatnaşyjylar beýleki ýurtlardaky ýöriteleşdirilen jemgyýetçilik guramalarynyň hereket meýilnamalarynyň mysallary bilen tanyşdyrdylar.

TGÝMJ-niň gadymy ynsanperwer jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen, döwletimizde amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgerişlere, şol sanda raýatlaryň durmuş üpjünçilik goragy, jemgyýetiň saglygyny goramak, maşgala ýagdaýyny berkitmek we ýaşlara bilim bermek ýaly ugurlara işjeň gatnaşýar. Türkmen halky  goňşusyna duýgudaşlyk we rehimdarlyk ýaly durmuş ýörelgelerini öňe sürýär. Bilelikdäki geçirilen okuw maslahaty, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli  jemgyýetinde bar bolan ukybyny durmuşa geçirmäge, jemgyýetiň işgärleriniň we meýletinçileriniň bilim derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Yanwar 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
29 30 31 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
20548951
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
9046
12902
9046
426604
20548951

Siziň IP: 216.73.216.151
2026-01-01

Связь с нами