BAŞ SAHYPA

Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan ýetginjekleriň arasynda ýangyn-amaly sport bäsleşigi geçirildi.

«Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş merkezinde geçirilen bäsleşige toparlaryň 14-si gatnaşyp, olar ýangyna garşy göreşmek boýunça ukyplaryny bäş tapgyrda görkezdiler.

Birinji tapgyrda ýetginjekler agaç päspelçilikden ylgap geçmek bilen, suw pürküjini suw geçirijä birikdirip hem-de ondan aýryp, ylgawyny dowam etdirdiler. Ikinji tapgyrda bellenilen aralygy geçip, rejelenip goýlan pökgüleri nyşananyň içine düşürmek boýunça bäsleşdiler. Üçünji tapgyrda bäsdeşler ýangyn söndürijini ulanmak, dördünji we bäşinji tapgyrlarda emeli ýangyna garşy göreşmegiň düzgünlerini düşündirmek hem-de ony söndürmek boýunça ukyplaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, birinji orny «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň topary eýelemegi başardy. Ikinji we üçünji orunlara degişlilik «Beýik Serdar nesilleri» we «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň toparlary mynasyp boldular.

Ýeňijilere diplomlar, Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi ýaş nesliň beden we aň taýdan sazlaşykly kemala gelmegine, dynç alýan döwründe ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge şert döredýär. 

Bu bäsleşik Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Ýangyna garşy meýletin jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Ýangyn-amaly sport Federasiýasynyň hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramaklarynda geçirildi.

Ýeri gelende aýtsak, döwrebap dynç almak üçin ähli amatly şertler döredilen «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş merkezinde körpe nesliň birbada 325-si wagtyny hoş geçirýär.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyun 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
26 27 28 29 30 31 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 1 2 3 4 5 6
18679993
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8410
13382
429633
486034
18679993

Siziň IP: 216.73.216.20
2025-06-28