BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Lebap welaýat Raýat goranyş we Halas ediş işleri müdirligi bilen bilelikde, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda “Amyderýanyň suwunyň joşmagy zerarly döräp biljek adatdan daşary ýagdaýlarda gözleg-halas ediş, guramaçylykly göçüriş we beýleki gaýragoýulmasyz işleri guramak” atly tälim beriş okuwy geçirildi.

Meýilleşdirilen okuwyň çäginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Lebap welaýat Raýat goranyş we Halas ediş işleri müdirligi  tarapyndan raýatlar adatdan daşary ýagdaýlarda gözleg we halas ediş işlerini gurnamak we tiz herekete geçmek ýaly tälim okuwy geçirildi. TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölümi tarapyndan hem raýatlara wagtlaýyn ýaşaýan ýerlerini gurnamamak, çadyr şäherçesinde kabul etmek, hasaba almak we ýerleşdirmek barada tälim okuwlary geçirildi.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15981449
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10471
15230
331844
430988
15981449

Siziň IP: 18.118.126.69
2024-12-22