BAŞ SAHYPA

Häzirki wagtda tebigaty gorap saklamak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýaşaýan ýeriňde ählitaraplaýyn durmuş üpjünçiliginiň bolmagy ynsan üçin, bahasyna ýetip bolmajak peşgeş we uly bagt. Suw damjasy-altyn dänesi diýibem ýönelige aýdylmandyr. Bu ugurda Türkmeniň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz: “Asyrlarboýy ýaşaýşyň gözbaşy, bolçulygyň girewi hasaplanyp gelinýän suw ähli janly tebigata ömür berýär, ynsan durmuşyny gülledýär, özgerdýär, giň ýaýlalarymyzy, sähralarymyzy gülzarlyga, rysgal-döwletiň mekanyna öwürýär” diýip, jaýdar belläp geçýär. Elbetde, suw halkymyzyň ýaşaýşynyň esasy serişdesi bolup durýar. Her damjasyny altyna deňeýän halkymyz suwy mydama tygşytly we rejeli peýdalanmaga çalyşýar. Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda adam hakda aladany kämilleşdirmek, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýä ülňilerine laýyk getirmek ugrunda durmuşa geçirýän ägirt uly işleriniň bir ugruda çölleşen ýerleri suwaryp, ekerançylyk ýerleri köpeltmek, özleşdirilen ýerlerden bol hasyl almak, ekologiýa abadançylygyny saklamakda tebigaty bagy-bossanlyk bilen gözelleşdirmek bolup durýar.

Bu babatda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi hem ynsanperwerlik ýörelgelerine eýermek bilen, ynsan saglygyny we durmuş, suw upjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, welaýatyň Darganata etrabynyň Çarwadar geňeşliginiň oba ilatyna sorujy nasosy oturdyldy. Çarwadar geňeşliginiň halky edilen haýyr-sahawatlylyk goldaw üçin özleriniň minnetdarlygyny bildirdiler. Gelejekde hem ynsanperwerlik ýörelgelerine eýermek, ýardamlaşmak, il-ýurt bahbitli işler dowam etdiriler.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
18653538
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
9630
19143
403178
486034
18653538

Siziň IP: 216.73.216.20
2025-06-26