Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň esaslandyryjysy Žan Anri Dünanyň (Jean Henri Dunant) durmuşy we iş ýörelgesi.

Her ýylyň 8-nji maýy – Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň Bütindünýä güni hökmünde bellenilýär. Bu baýram Şweýsariýaly ynsanperwer, Gyzyl Hajyň esaslandyryjysy bolan Anri Dýunanyň hormatyna döredildi. Onuň ynsanperwerlige goşan goşandy örän uly bolup, şahsyýeti taryhçylaryň ünsüni hemişe özüne çekýär. 124 ýyl mundan ozal, ýagny 1901-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Norwegiýanyň Nobel komiteti ilkinji gezek Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny gowşurdy. Bu baýragyň ilkinji eýesi Anri Dýunan boldy. Žan Anri Dýunan 1828-nji ýylyň 8-nji maýynda Ženewada baý notarius Žan Žak Dýunanyň maşgalasynda dünýä indi. Žan Žak Dýunan şäheriň dolandyryjy geňeşiniň agzasy bolup, ýetimhanalar we türme tussaglarynyň ýagdaýlaryny gowulandyrmak bilen meşgullanýan hemaýatkärleriň we gözegçileriň geňeşiniň agzasydy. Dýunanyň atasy Ženewa hassahanasynyň müdiri we golaýdaky goňşy şäheriň häkimi bolupdy. Dýunanyň ejesi Anna Antuanetta Kolladon meşhur fizik Daniel Kolladonyň uýasydy. Hakyky dindar bolan ene-atasy ogullaryny diňe bir telekeçilik ukybyna däl, eýsem ynsanperwerlige, duýgudaşlyga, ýagşylyk etmäge we öwretmäge çalyşýardy. Anri 6 ýaşyndaka, kakasy ony Fransiýanyň günortasyna alyp bardy. Žan Žak Dýunan Şweýsariýaly tussaglaryň agyr şertlerde saklanýandygyny görmek üçin şol ýere barypdy. Duýgur kiçijik çaga bir zynjyr bilen daňylan, birmeňzeş eşikli gara ýüzli tussaglary görüp, gaty tisginip tolgunýar. 10 ýaşyndaka Dýunan meşhur Ženewa kolledžine girýär. Ol ykdysadyýete, dine we jemgyýetçilik işlerine höwes bildirýär. 18 ýaşyndan gündiz ykdysadyýeti öwrenýär, agşamlaryna bolsa garyplary we hassalaryň halyndan habar alyp durýar. 20 ýaşyndan her ýekşenbe güni şäher türmesindäki tussaglaryň ýanyna baryp, olar bilen söhbet edýär, olara goldaw berýär, adamlara we Hudaýa bolan ynamlaryny ýitirmezlige kömek edýär. Olara taryh kitaplaryny, syýahatçylar baradaky hekaýalary, ylmy-tanymal edebiýaty okap berýär. Dýunan söweş meýdanlarynda ýaralanan esgerlere ideg etmäge ömrüni bagyşlamazyndan öň hem, ol parahatçylyk döwründe agyr ykballar bilen synlanan adamlara kömek bermäge girişipdi. Kolledži tamamlandan soň, ol banka tejribe geçmek üçin işe girýär.                                                                                                1853-nji ýylda Ženewadaky dostlarynyň biriniň öýünde ol meşhur amerikan Ýazyjysy, "Tom daýynyň çatmasy" atly kitabyň awtory Garriet Biçer Stou bilen tanyşýar. Özüne mahsus joşgunlylygy bilen Dýunan Amerikadaky gulçulyga garşy göreşe goşulýar, ol ýurtdaky pikirdeşleri bilen hat alyşýar we ABŞ-nyň günorta ştatlarynda gulçulyga garşy çäreleriň giňeldilmegine çagyrýar. Emma Dýunan diňe haýyr-sahawat bilen ýaşamagyň mümkin däldigine düşünýär we 26 ýaşynda Alžire gidýär, şol ýerde Ženewa bankynyň wekili hökmünde işleýär. Ol tutuş Alžiri aýlanyp çykýar, yslam dinini we arap dilini öwrenýär. 1859-njy ýylda Dýunan Alžirde öz işi bilen meşgullanmak isleýär, Mon-Žemil şäheriniň golaýynda maldarçylyk we ekerançylyk bilen meşgullanyp boljak giň ýer saýlap alýar. Ol Alžirde däne önümlerini ösdürmek maksady bilen "Mon-Žemil degirmenlerini" döredýär. Bu kärhananyň maliýeleşdirilmegi üçin Dýunan dostlaryny we garyndaşlaryny maýa goýumyna çagyrýar we netijede 100 million şweýsariýa frangy möçberinde serişde ýygnalýar. Taslamany amala aşyrmak üçin suw geçirijisini gurmak zerur bolup durýardy. Ýöne gysga wagtda Dýunan bu işi girdejili etmek üçin ýer we suw boýunça konsessiýa meseleleriniň çözülmelidigine düşünýär. Alžiriň häkimiýetleri bilen geçirilen gepleşiklerden netije çykmaýar, şonuň üçin ol Pariže gidýär. Şol döwürde Alžir Fransiýanyň koloniýasydy, Dýunan bolsa Fransiýanyň raýaty däldi. Parižde ol dürli edaralaryň gapysyny kakýar, emma hiç hili netijä ýetip bilmeýär. Dýunan ruhdan düşmeýär. Özüne mahsus berk ygrarlylygy we maksada okgunlylygy bilen iň soňky instansiýa — imperator Napoleon III ýüz tutmagy karar edýär. Ýöne ol Patyşa köşgünde imperatory tapmaýar. Şol wagt Napoleon III Italiýanyň Solferino şäherindedi we Fransuz goşunynyň başynda bolup, Italýan hyzmatdaşlary bilen birlikde Awstriýa goşunyna garşy durmaga taýýarlyk görýärdi. Dýunan hem Italiýa gitmäge karar berýär. Italiýada Dýunan XIX asyryň iň rehimsiz we ganly söweşleriniň biri bolan — 1859-njy ýylyň 24-nji iýunyndaky Solferino söweşiniň şaýady bolýar. Bu söweşiň netijesinde 40 müň adam ýaralanyp aradan çykypdy.                              

“25-nji iýunda günüň ýagty şöhlesi adamzadyň göz öňüne getirip bilmejek elhenç pajygaly wakanyň pursatlaryny ýagtylandyrdy — diýip Dýunan ýatlaýar. — Tutuş söweş meýdany adamlaryň we at jesetleri bilen örtülen ýollar, kanallar, jülgeler jesetlerden doly, Solferinanyň töweregindäki ýer bolsa dolulygyna aradan çykan esgerleriň jesetleri bilen gurşalandy. Gün uzyn diri galanlary gözlenilip tapylýan ýaralylar juda solgun we güýçden düşüp käbirleriniň, esasan hem agyr ýaralylaryň gözleri doňup galan ýaly, hiç zada düşünmeýän ýaly bolup, ýöne bu ýagdaýlary olaryň agyrysyny duýmagyna päsgel bermýärdi, käbirleri titreme bilen tisginýip,  ýaralary gyzaryp, açyk we çydap bolmajak agyrylardan özüni ýitirene dönen ýalydy. Olar özlerini öldürmegi towakga edýärdiler we agyrylaryna döz gelip bilmän ýere ýykylýardylar. Her dürli metal bölekleri, süňkleriň parçalary, egin-eşikden galan bölekler, toprak we gurşun bölekleri ýaralary has hem agyrlaşdyryp, agyryny has-da artdyrýardy». Golaýdaky Kastilýon şäheri bolsa tutuş ýaralylar bilen doldurylypdy. 9000 adam köçelerde, ybadathanalaryň içinde we meýdançalarda ýatyr — diýip Dýunan ýatlaýar. Bu bolan zatlara göz ýumup bilmän, Dýunan işjeň ýagdaýda ýaralylara kömek etmäge girişýär, meýletinçilere guramaçylyk edýär. Onuň lukmançylyk bilimi ýokdy, ýöne elinden gelen kömegi edýärdi, ýaralara daňgy goýýardy, iýmit we suw getirýärdi. Hat-da ýaralylaryň käbirleri bilen gürrüňdeş bolup, olaryň ruhuny götermäge synanyşýardy, sebäbi olar ruhy taýdan çökgün ýagdaýdady we olara hiç hili kömek berilenokdy.       Dýunan hemmelere – öz esgerlerine we garşylyk edýän esgerlerede kömek edýärdi hem-de şeýle adalatly çemeleşmä beýleki meýletinçileri hem ynandyrmagy başardy. Ol ýerli ýaşaýjy zenanlaryň birnäçe­sinden kömek etmegi haýyş edýär. Ilki başda olar Fransuz ýaraly esgerlere  hyzmat etmäge gorkýarlar,  sebäbi Awstriýalylar yzyna dolanyp, duşman esgerlerine kömek berýan adamlary jezalandyrarlar diýip guman edip gorkýardylar. Emma Dýunan olara ejir çekenleriň öňünde hemmeleriň deňdigini ýürekden düşündirýär.           

Bir gezek Dýunan Italiýan esgerleriniň Kastilýondaky Keza Mažore ybadathanasynyň basgançaklaryndan Awstriýaly ýaraly esgerlerini aşak taşlamak bilen haýbat atýandygyny görýär. Ol "Duruň! – Muny etmäň! Olar siziň doganlaryňyz!" diýip  gygyrýar. Esgerler onuň sözüni diňleýärler  we "Olar – doganlar" diýen bu sözleri kömek ulgamynyň şygaryna öwrülýär. Ýaralylara diňe iki lukman hyzmat edýärdi. Dýunan Keza Mažore ybadathanasynda işleri utgaşdyrýardy azyk önümlerini toplaýardy. Syýahatçylar, ruhanylar we žurnalistler bilen ilkinji lukmançylyk kömegini gurnapdy. Harby ýesirleriň arasyndan ýene dört lukman tapylýar hem-de meýletinçiler ýaralylara ilkinji kömek bermek üçin ýörite şert döredýärler. Fransuz harby ştabynda Dýunan lukmançylyk taýýarlygy bolan ähli Awstriýaly esgerleriň boşadylmagyny gazanýar. Dýunanyň guramaçylyk zehini bilen müňlerçe ýaraly adamlar diri galýar, ewakuasiýa edilýär we bejeriş döwründe ýerli ýaşaýjylaryň öýlerinde ýerleşdirilýär.       

Anri Dýunanyň eden hyzmatlary öz gymmatyna görä bahalandyrylýar. 1860-njy ýylyň ýanwarynda ol Pýemont patyşasyndan (geljekgi Italiýa patyşasy) Solferinodaky gahrymançylygy üçin mukaddes Mawrisiý we Lazari ordeni bilen, ilkinji baýragyny alýar.  Emma Dýunanyň ýüreginde diňe mähir däl, eýsem gaharly soraglar hem köpelýär. Ýaraly esgerleriň agzybirlik bilen aýdýan agyr sözleri onuň aňynda örän güýçli täsir galdyrýar: "Näme bolýar, jenap? Biz halal söweşdik, indi bolsa bizi ykbalyň öňüne taşladyňyzmy?" esasanam şol sözler Dýunana agyr degýär  – sebäbi bu adamlar kömeksiz taşlanyp gidilmegidi. 9000 ýaraly ejir çekýän adamlar  üçin bary-ýogy 6 harby lukman bardy, bu bir tötänlik däldi. Dýunan gorkunç hakykaty bilýär: şeýle ýagdaý hemişe bolupdyr. Munuň sebäbi bolsa, goşunlaryň sanitariýa gullugynyň örän çäkli bolmagydy – hatda onuň bardygyny hem aýdyp bolmaýardy. Söweşmäge ukyplylygyny ýitiren esger indi hiç kime gerek däldi. Bu ýagdaý birnäçe güniň içinde Anri Dýunanyň durmuşyny düýpgöter üýtgedýär. Täze telekeçilik işine başlan, telekeçiniň iş sapary şowsuz bolýar. Ol Napaleon III bilen duşuşmak üçin köp synanşdy, emma onuň bilen duşuşyp bilmedi. Dýunan ähli işlerini taşlaýar we gaýtaryp bolmajak güýje boýun bolýan ýaly, «Solferinodaky söweşi ýatlamak» atly kitaby ýazmaga başlaýar.Bu kitap arkaly Dýunan bütin dünýäni agyr bir hakykata göz ýetirmäge çagyrýardy: esgerleri goşuna çagyrmak, olary agyr azaplara, ýetmezçiliklere sezewar etmek, söweşe ugratmak, soň bolsa duşmanlar tarapyndan ýaralanyp, güýç-gurbatdan düşüp söweşmäge ukypsyz galanlarynda olary ölüme taşlamak — bu iň elhenç adamkärçiliksizdi.                                                                      

    Mundan beýläk Dýunan öz durmuşyny Gyzyl Haç Hereketiniň döremegine we halkara ynsanperwerlik hukugynyň esaslarynyň işlenip düzülmegine bagyşlaýar. 1862-nji ýylyň oktýabrynda Dýunan öz serişdeleriniň hasabyna kitabyny çap edýär we ony Ýewropanyň syýasy hem-de jemgyýetçilik işgärlerine ugradýar. Bu kitap köp adamlara güýçli täsir edýär. Ol ýerde «Näme üçin parahatçylyk döwründe dürli Ýewropa ýurtlarynda meýletin jemgyýetleri döretmek bolmazmy? Şol jemgyýetler uruş wagtynda ýaralanan esgerlere kömek ederdi» diýen ýaly anyk teklipler öňe sürilýär.

Komitetiň ähli agzalary her bir ýurt parahatçylyk döwründe «meýletin halas edijilerden» ybarat bolan ýörite taýýarlanan jemgyýetleri döretmelidigi, bu jemgyýetler ilkinji lukmançylyk kömegi üçin serişdeleri, egin-eşikleri, sanitariýa enjamlary bilen üpjün edilmelidigi, uruş başlan badyna, olar öz ýurtlarynyň goşunlarynyň az sanly lukmançylyk bölümlerine kömek bermek üçin söweş meýdanlaryna gitmeli diýen pikire gelýärler. Emma bir uly mesele bardy, harby lukman pyýada goşunda gulluk etse, pyýada ofiseriniň lybasyny geýýärdi, atly goşunda bolsa — atly ofiseriň lybasyny geýýärdi. Şonuň üçin, ol söweşýän goşunlaryň arasynda bolanda, garşylyk edýän esgerler onuň harby adam däldigini tanaman, hiç hili ikirjiňlenmän oka tutýardylar. Dýunan bu ýagdaýdan gutulmagyň ýoluny tapypdy. Onuň teklibi şeýle bir ýönekeýdi welin, näme üçin beýle bir pikir öň başga hiç kimiň akylyna gelmändikä?! diýip hemmeleri haýran galdyrdy. Ol ähli goşunlar üçin umumy tapawutlanmak nyşanyny girizmek barada ylalaşmagy teklip edýärdi. Bu nyşan lukmanlara we sanitar işçilere degişli bolup, sanitariýa ulaglarynyň we meýdan hassahanalarynyň üstünde ýerleşdirilip, bir söz bilen aýdylanda, bu nyşan harby hereketlere gatnaşmaýan adamlary tapawutlandyryp we olar hüjüme sezewar bolmaz ýaly, bu nyşan bir görnüşli «tabu» bolup, ony dakýan, ulanýan adamyň goraglylygyny üpjün edýär. Dýunanyň “Bitaraplyk” diýip atlandyran bu nyşany ulanýanlara  hukuk statusyny berýär.                                                                   

Dýunan dürli ýurtlaryň hökümetlerine hatlary iberýär, öz pikirlerini beýan edýär, olaryň köpüsi bilen şahsy duşuşyk geçirýär. Ine, onuň tagallalary we ajaýyp maksadaokgunlygynyň netijesinde, 1863-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Ženewada halkara konferensiýasy açylýar. Konferensiýa 14 döwletden 18 wekil gatnaşýar. Gatnaşyjylar şeýle çözgüt kabul edýär: Her bir ýurtda ýaralanan esgerlere kömek bermek üçin meýletin komitetler döredilmeli. Uruş wagtynda söweşýän döwletler sanitariýa ulaglarynyň bitaraplygyny yglan etmeli, kömek edýän adamlaryň goragyny kepillendirilýär. Şeýle hem, ýaragly çaknyşyklaryň dowamynda kömek edýän adamlary tapawutlandyrmak we goramak üçin ýörite nyşany — ak fonda gyzyl hajy (Şweýsariýanyň baýdagynyň üýtgedilen görnüşi, bu başlangyç bilen çykyş eden ýurduň hormatyna) girizmek teklip edilýär. Konferensiýa birnäçe çözgüt kabul edýär, ýöne ol hukuk taýdan hökmany güýje eýe däldi we kabul edilen kararlaryň diňe maslahat beriji häsiýetli boldy. 1864-nji ýylyň 8-nji awgustynda diplomatik konferensiýa 16 döwletiň wekillerini özünde jemleýär. Gepleşikleriň esasy mowzugy Gyzyl Hajyň nyşany bolýar. Bir ýyl ozal bu nyşan diňe ýaralananlara kömek edýän meýletinçileriň tanamak nyşany hökmünde hyzmat edýärdi. Indi bolsa, ol aýratyn statusa eýe bolýar. Bu nyşan döwletara şertnama bilen — 1864-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda gol çekilen «Gury ýer söweşinde ýaralanan we hassalanan esgerleriň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça Ženewa konwensiýasy» bilen kanunlaşdyrylýar. Şeýlelikde, häzirki zaman şertnamalaýyn ynsanperwer hukuklarynyň düýbi tutulýar. Iki ýylyň içinde bäş adamdan ybarat komitetiň döredilmeginden başlap, 16 döwletiň hökümeti tarapyndan halkara şertnamanyň gol çekilmegine çenli ýol geçilýär. Munuň ählisi esasan bir adamyň — Anri Dýunanyň tagallasy bilen amala aşyrylýar!               Gyzyl haçly ilkinji sanitariýa arabasy ilkinji gezek 1864-nji ýylda Şlezwig-Golşteýn urşunda, bäş adamlyk Komitetiň agzasy lukman Lui Appia tarapyndan ulanylýar. 1866-njy ýylyň 15-nji awgustynda Awstriýa bilen Prussiýanyň arasynda uruş turýar. Prussiýa Ženewa konwensiýasyna ilkinji bolup gol çeken ýurtlaryň biri bolýar, bu ýerde meýletin kömek jemgyýetleri döredilýär. Prussiýa uruşda ýeňiş gazanýar, söweş meýdanynda 10 müň adam ýitirýär, emma Awstriýa, şeýle çäreleri görmedikligi sebäpli 25 müň adam ýitirýär, sebäbi ýaralananlaryň aglaba bölegi söweş meýdanynda galýar. Prussiýa ýeňişe bagyşlanan dabaraly ýörişe Anri Dýunany hem çagyrypdyr, Prussiýanyň patyşasy öz çykyşynda Ženewa konwensiýasynyň ähmiýetini aýratyn nygtapdyr we uruş döwründe Prussiýaly meýletinçileriň diňe özleriniň däl, eýsem Awstriýaly ýaralanan esgerlerede kömek edendigini belläpdir. Uruş 20-nji iýulda tamamlanýar, eýýäm ertesi güni — 21-nji iýulda Awstriýa hem Ženewa konwensiýasyna gol çekýär.                                                                                

4 ýylyň dowamynda Mon-Jemil degirmen paýdarlar jemgyýetiniň müdiri ýaraly esgerleri halas etmek üçin sarp eden wagty, onuň peýdasyna bolmady.  Dýunanyň telekeçilik işleri oňuna bolmady. Onuň işi pese gaçdy, şowsuzlyga uçrady, onuň işleriniň doly ýykylmagyna birje itergi hem sebäp bolup bilerdi. Şeýle itergileriň biri hem “Kredit Ženewua" bankynyň bankrot bolmagy boldy. Bu bankyň ýolbaşçy geňeşiniň agzalarynyň biri hem Dýunanyň özi bolupdy. 1867-nji ýylda Dýunan bir pursatda dolulygyna garyp düşdi, onuň ähli emlägi milliona barabar bolan karzyň öwezini dolmak üçin alynyp goýberildi. Bankrotda diňe Dýunan günäkär däldi, ýöne onuň kärdeşleri jogapkärçilikden el çekdiler we ähli jogapkärçiligi Dýunanyň üstüne atyp, onuň “diňe öz ýalňyşlygydyr” diýen garaýşy döretdiler. Dostlary ondan ýüz öwürdiler. Dýunanyň başyna düşen bu betbagtlykdan Fransiýanyň imperatory Napoleon III habarly boldy. Ol Ženewa hat ýazyp, Dýunanyň karzynyň ýarysyny öz üstüne aljakdygyny we galan ýarysyny onuň dostlarynyň we kärdeşleriniň jogapkär bolmalydygyny aýtdy. Emma bu hat Dýunanyň özüne baryp ýetmedi. Dýunanyň doly jogapkär bolmagyny we jemgyýetden çetleşdirmek isleýänler hem bardy.                        Soňlugy bilen Dýunan öz başyndan geçiren garyplygyny şeýle beýan edýär: ol seýilgählerde we demirýol menzillerinde,  oturgyçlarda uklap, köplenç iýmägede hiç zady bolmandyr, aýagyna geýýän jorabynyň ýyrtygyny bildirmejek bolup, ýyrtyk ýerine gara boýag bilen boýap gezipdir. Halkara komiteti barada aýdylanda bolsa, Dýunanyň maliýe kynçylyklary hakda eşiden badyna, onuň bilen ähli gatnaşygy kesmäge howlugýarlar. Düşünişmezlikleriň öňüni almak üçin Dýunan 1867-nji ýylyň 25-nji awgustynda Halkara komitetiniň sekretary wezipesinden özüniň islegi bilen boşaýandygyny habar berýär. XIX asyryň ahyrynda bankrot bolmak agyr günä hökmünde garalýardy. Dýunan Fransiýa gitmäge mejbur bolýar. 1867-nji ýylda Parižde Bütindünýä sergisi geçirilýär. Ol ýerde Gyzyl Hajyň maglumat synlamalarynda onuň esaslandyryjysynyň täç bilen bezelen  heýkeli goýlupdyr. Gyzyl Hajyň maglumat synlamasy, meşhur ýarag öndüriji Kruptyň sergisiniň ýanynda ýerleşdirilipdir. Dýunan özüniň agyr ýagdaýyndan, garyplygyndan gynanyp, utanyp öz heýkelini şol ýerden aýyrmagy haýyş edýär. Bu sergide Krupt täze ýarag üçin baş baýragy alýar, Halkara Gyzyl Haç Komiteti bolsa adamzat üçin, eden hyzmatlary üçin altyn medala mynasyp bolýar.       

     1870-nji ýylda Fransiýa bilen Pruussiýanyň arasynda uruş başlanýar. Parižiň dört aý dowam eden gabawy wagty Dýunan şäherde bolýar. Ol Parižlileriň başdan geçirýän kynçylyklarynyň şaýady bolýar. Iýmit ätiýaçlygy tükenýär, adamlar pişik, it we ölen atlary iýmäge mejbur bolýar. Ol Fransuz ýaralylara kömek jemgyýetiniň fronta ugradýan şypahana bölümleriniň taýýarlygyna gatnaşýar. Parižiň hassahanalaryndaky ýaralylary baryp görýär. Dýunanyň teklibi boýunça aradan çykan we agyr ýaraly esgerleri tanamak üçin esger medaly girizilýär. Uruş gutarandan soň Dýunan garyplykda ýaşamagyny dowam edýär, ýöne onuň beýnisi dünýä derejesindäki taslamalardan doly bolýar. Dýunanyň ähli başlangyçlaryndan diňe biri — Gyzyl Haç — onuň ömründe amala aşyryldy. Hemmeler tarapyndan unudylan Dýunan on ýyldan gowurak dowam eden umytsyz garyplykda ýaşaýar. Öýsüz-öwzarsyz ýöräp ýören syýahatçy, ol Elzas, Germaniýa, Italiýa, Şweýsariýa ýaly ýurtlary pyýada geçýär, köplenç iýmit üçin pul tapman, sadakadan ýaşaýar, könelişen  köýneklerini gara boýag bilen boýap gizleýär, ak köýneklerini bolsa hek çalyp reňk berýär. Ol bary-ýogy elli dokuz ýaşyndaka özüniň garyplygyndan ýaňa horlukda ýaşaýan wagty hemmelerden uzakda mejbur bolýar. Ol özüniň ýaşyna garamazdan saçlary agaryp, garry adam ýaly görünýärdi. Onuň saglygy örän ýaramazdy, uzaga çeken agyr günleri we ýeter ýetmezçilikleri saglygyny doly zaýalapdy, sag eli ekzema keseli bolup yzygiderli agyryp köseýärdi. Maşgalasy tarapyndan iberilen az mukdardaky pul serişdeleri bilen ol 1887-nji ýylyň iýulynda Şweýsariýanyň Haýden şäherçesinde ýerleşýär, ol ýerde oňa ýerli şypahanada kiçijik bir otag berilýär. Haýdendäki şypahananyň №12 belgili otagynda ol ömrüniň soňuna çenli ýaşady. Dýunan şeýle bir unudylýar welin, ol diri wagty 1896-njy ýylda – onuň ömrüniň soňuna çenli heniz 14 ýyl bar wagty – bir Ženewa gazeti onuň aradan çykandygyny habar berýär.      Ýerli žurnalist Georg Baumberger 1895-nji ýylda ony hassahanadan tapýar. Ol bu barada makala ýazýar, bu makala hakyky täsin habara öwrülýär. Birnäçe gazetiň gaýtadan çap eden bu habary, birnäçe günde tutuş Ýewropany aýlanyp çykýar. Dünýäniň dürli künjeklerinden oňa pul kömekleri we hatlar gelip başlaýar, Dýunany ähli döwürleriň we halklaryň iň meşhur ynsanperwerleriniň hataryna goşýarlar. Ol Rim papasynyň hut özi tarapyndan ýazylan haty alýar. Birnäçe jemgyýetler we haýyr-sahawat guramalary ony öz hatarlaryna alýarlar, hormatly prezidentligine saýlaýarlar. Russiýa lukmanlarynyň gurultaýyna gatnaşan müňlerçe delegatlar oňa ejir çekýän adamzada hyzmaty üçin baýrak berýärler. Dýunanyň agyr ýagdaýyny eşiden rus imperatorynyň aýaly oňa pul kömegi pensiýa belleýär. Emma Dýunan bu pullara elini hem degirmeýär, beýleki kömekler ýaly olary hem Gyzyl Haja bagyşlaýar, özüne diňe ýaşamagy üçin zerur bolan ujypsyzja iň azajyk mukdarda serişdeleri saklaýar. Az salymyň dowamynda öňki meşhurlygy Dýunana dolanýar. Şöhrata biperwaý bolan Dýunan bolsa meşhur myhmanlaryň öňünde gapylaryny ýapýar.

1901-nji ýylda Norwegiýanyň parlamenti ilkinji Nobel Parahatçylyk baýragyny — Gyzyl Hajyň esaslandyryjysy Anri Dýunana berýär. Dýunanyň öňki egindeşi parahatçylygyň tarapdary Frederik Passi baýragyň ikinji eýesi bolýar. Emma Dýunan saglyk ýagdaýy sebäpli, baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Haýdenden gitmäge mümkinçiligi bolmaýar. 1910-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda ol 82 ýaşynda aradan çykýar. Dýunanyň maşgalasy bolmaýar, ýöne ol ähli serişdelerini wesýet ýazyp haýyrly işlere paýlaýar. Puluň bir bölegini ömrüniň soňky ýyllarynda oňa sereden adamlara, beýleki bölegini bolsa Haýden şäherçesindäki şypahana obanyň iň garyp ýaşaýjylary üçin mugt düşekler bilen üpjün etmek üçin berýär, galan serişdeleri bolsa Norwegiýa we Şweýsariýadaky haýyr-sahawat guramalaryna geçirýär.                                  Bu nähili haýran galdyryjy ýol 34 ýyllyk içki taýýarlyk, okamak, oýlanmak, görünmeýän zähmetler. Soňra “Solferino söweşi baradaky ýatlamalar” kitaby çap edilenden “Kredit Ženewa” bankynyň bankrotlygyna çenli geçen bäş ýyl şöhrat we üstünlik ýyllary. Ondan soň 28 ýyl garyplyk, ýolda seregezdanlyk, ýalňyz durmuş bilen dowam edýär we ömrüniň ahyrynda 15 ýyl şöhrat emma, şol şöhratly döwründe-de ol Haýdendäki hassahanayň otagyndan çykmaýar. Ýöne Dýunanyň işi ölüp gitmedi, ol bütin dünýäde dowam edýär. 1895-nji ýyldan soň Gyzyl Haç barada tutuş dünýäde bilýärler. Ýewropadan soň hereket Amerikada, Afrikada, Aziýada ýaýraýar. Köp ýurtlarda Gyzyl Hajyň milli jemgyýetleri hereket edýär, olaryň arasynda öz hassahanalary, mekdepleri, saglyk otlulary bolan güýçli guramalar bar. Ýüzmüňlerçe ýaraly adamlar, söweş meýdanlarynda taşlanan ýagdaýynda ölüp giden bolardy, emma Gyzyl Hajyň kömegi bilen ýaşaýşa dolandylar.