BAŞ SAHYPA

Ajaýyp döwrümizde  ýaş nesliň döwrebap hünär öwrenmegi, kämil bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Bir okan kitabyňy iki-üç gezek okamak şol bir zady gaýtalamak däl. Bu öň düşünip bilmedik ýerleriňi gaýtadan özleşdirmäge şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, hünär tejribeligi hem nazary bilimleri gaýtalamak däl-de, öz ruhy dünýäňde, durmuşyňda täze-täze açyşlary etmekdir.

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary hünäriniň talyplary özleriniň bilimlerini berkitmek hem-de tejribe gazanmak maksady bilen TGÝMJ-ne 4 hepdelik önümçilik tejribeligini geçmäge geldiler.

 Tomusky önümçilik tejribeliginiň çäklerinde  talyplar üçin dürli tanyşdyryş, öwrediş çäreleri geçirilip, bu köp babatda nazary bilimleriň berkidilmegine, özbaşdak işlemegiň amaly tejribesini we başarnyklaryny ele almaga ýardam etdi. Önümçilik tejribesiniň guramaçylyk derejesi ýokary bolup, talyplar TGMÝJ-niň alyp barýan ýagny “Gender deňligi barada” , “Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek taslamasy”, “Lukmandan  deslapky ilkinji kömegi bermegiň endikleri” atly birnaçe çärelere gatnaşdylar. Şeýle çäreler talyplaryň hünär başarnyklaryny we ukyplaryny kämilleşdirmäge ýardam edýär, olaryň öz ýokary okuw mekdeplerinde alan tejribelerini we bilimlerini baýlaşdyrdylar. Şeýle hem talyplara “Adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy betbagtçylyklar barada” maglumat beriş okuwlaryny geçirmegi meýilleşdirýärler.

 Bu önümçilik tejribeligi talyplarda diňe bir nazary bilimlerini berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, geljekde hünär taýdan üstrünlik gazanmaklary üçin möhüm ädim boldy.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyul 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 31 1 2 3
18821710
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
5583
10862
103057
468293
18821710

Siziň IP: 216.73.216.176
2025-07-08