BAŞ SAHYPA

Gökderdäki "Altyn ýyldyz" çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda, özüňi alyp barmagyň düzgünlerine bagyşlanan okuw geçirildi. Oňa 60-dan  gowrak çaga  gatnaşdy.

 Onda tebigy hadysalar, tehnogen ýagdaýlar bilen baglanyşykly betbagtçylyklar ýüze çykanda, özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada giňişleýin düşündiriş berildi. Olara  ejir çekene ilkinji lukmançylyk kömek  bermeginiň endiklerini we  ruhy  goldawy barada  aýdyp  berildi.   Dynç  alýan çagalaryň  arasynda adaty däl ýagdaýlara baha bermek ukyplaryny,  gan akmany  duruzmak, ýarany daňmak  ýaly endiklerini tejrebede geçirmek  has-da gyzykly boldy.  Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli  jemgyýetiniň hünärmenleriniň  pikiriçe, adatdan daşary  ýagdaýlarda  ilkinji kömek diňe bir nazary bilimi däl, eýsem yzygiderli tejribäni hem talap edýär. Adaty bolmadyk ýagdaýa düşeniňde, özüňi howsala aldyrmazlyk, ejir çekenlere kömek etmek we belki, biriniň janyny halas etmek üçin başlangyç okuwy geçmekligininiň wajyplygyny aýdylar. 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyul 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 31 1 2 3
18822212
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6085
10862
103559
468293
18822212

Siziň IP: 216.73.216.176
2025-07-08