Aşgabat, 2025-nji ýylyň 24-nji iýuny - Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölüminiň işgärleri Ruhabat dokma toplumynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we inçekeseliň öňüni almak maksady bilen çäre geçirdiler. Çäräniň dowamynda işgärlere inçekeseliň öňüni almakda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň orny, wagtynda lukmançylyk gözegçiliginden geçmegiň ähmiýeti, zyýanly endiklerden ýüz öwürmegiň, dogry iýmitlenmegiň we beden gorag ukybyny güýçlendirmegiň zerurlygy barada giňişleýin maglumatlar berildi. Şeýle hem, inçekeseliň alamatlary, geçiş ýollary we bejerilişi boýunça düşündirişler berlip, gatnaşyjylar bilen açyk gürrüňdeşlikler guraldy. Bu çäre Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň jemgyýet saglygyny goramak we ilatyň arasynda sosial taýdan ähmiýetli keselleriň öňüni almak ugrunda alyp barýan yzygiderli işleriniň bir bölegi bolup durýar.