Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň hünärmenleri harby bölüminiň esgerlerine we ofiserlerine ynsanperwerlik ýol-ýörelgelerini barada wagyz-nesihat seminaryny geçirdiler. Duşuşugyň esasy mowzugy Halkara ynsanperwerlik hukugydy.
Okuw-maslahadyna gatlaşanlar Gyzyl Ýarymaý we Gyzyl Haç Hereketiniň nyşanlary bilen tanyşdyryp, täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle hem, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmenleri bu geçirilen okuw-maslahady ynsanperwerlik taslamasyndan ugur alýandyklaryny aýdyp berdiler.