BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň merkezi edarasynda TGÝMJ-niň hünärmenleri bilen Birleşen Millitler Guramasynyň Türkmenistandaky bosgunlar boýunça bölüminiň Merkezi Aziýanyň komissary şeýle hem “Keýik Okara” jemgyýetçilik guramasynyň işgärleri.

Bu tabşyryk, Türkmenistan hökümiýetiniň we BMG Bosgunlar işi boýunça Ýokary Komissaryň edarasynyň 2023-nji ýyldaky bilelikdäki hereket edýän meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde biziň ýurdumyza sapara geldiler. Bilermenler toparyna Merkezi Aziýanyň bosgunlar boýunça wekili Hans Fridrih Şodder BMG BMGK –nyň baş hukuk geňeşçisi Rano Saýdumarowa, bosgunlar meselesi boýunça geňeşçisi Sergeý Gaýna hem-de Taslama dolandyryş gözegçiliginiň hünärmeni Bekzat Jakupow.

“Resminamasyz we raýatlygy bolmadyk adamlara hukuk kömegi” taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň dowamy baradaky  ýygnaga gatnaşyjylar, raýaty azaltmak we öňüni almak babatynda aýry-aýry ýagdaýlarda hukuk kömegi goldawy mundan beýläk-de üpjün etmek barada maslahat geçirildi şeýle hem bilelikde geçirilen Kodesk girizmelerine TGÝMJ-niň we “Keýik Okara” hünärmenleri gatnaşdy.

Raýatlygyn bolmadyk adamlaryň ýagdaýyny ykrar etmegiň tertibi barada has giňişleýin maglumat üçin:

 Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti,

Aşgabat koç 2022(Alişera Nowaýy) jaý 116.1  tel: +99312 931510

 Bu e-mail adresi istenmeyen posta engelleyicileri tarafından korunuyor. Görüntülemek için JavaScript etkinleştirilmelidir.

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16051725
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
9715
16382
402120
430988
16051725

Siziň IP: 18.118.93.61
2024-12-26