BAŞ SAHYPA

Türkmenistanda dowam edýän saglyk aýy mynasybetli, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň Mary şäher Ýaşlar guramasy, welaýatyň Nebit-Gaz tehnikumynda “Sagdyn ýaşlar, sagdyn nesil” atly aydym-sazly  baýramçylyk çäresi geçirildi. Geçirilen çärede Ýaşlar guramanyň ýaşlary,TGÝMJ-niň Mary welaýat merkeziniň lukmany öz çykyşynda AIW we AIDS-e garşy göreşmek barada gürrüňdeşlik geçirdiler.

Çäräniň maksatnamasynda sagdyn durmuş ýörelgesi we meýletinçilik hereketi barada aýdylyp geçildi. TGÝMJ-niň MWB tarapyndan kitapçalar paýlanyldy. Çäräniň ahyrynda Nebit-Gaz tehnikumyň çeper höwesjeňleri özleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen çäräni şowhunly jemlediler.

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
12354532
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
3300
16745
387912
588121
12354532

Siziň IP: 3.235.20.185
2024-05-21