2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň Saglygy goraýyş we durmuş üpjunçilik bölüminiň işgärleri «Birleşip — raka garşy göreşeris» şygary astynda «Açabil» myhmanhanasynda geçirilen döwlet, jemgyýet we saglygy goraýyş ulgamynyň onkologiýa kesellerine garşy tagallalary birleşdirýän güne bagyşlanan çärä gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Milli jemgyýetiň wekili Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň goşandy barada çykyş etdi. Ol ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmagyň, wagtynda öňüni alyş çäreleriniň geçirilmeginiň we keselleriň irki tapgyrlarynda anyklanylmagynyň möhüm ähmiýetini belläp geçdi. Şonuň ýaly-da, meýletinçileriň giň ulgamynyň we dürli guramalar bilen hyzmatdaşlyk tejribesiniň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetine milli saglygy goraýyş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmaga mümkinçilik berýändigini nygtady.
Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň şeýle başlangyçlara gatnaşmagy guramanyň döwlet tagallalaryny goldamaga, ýokanç we ýokanç däl keseller boýunça ilatyň habarlylygyny artdyrmaga bolan işjeň gatnaşygyny tassyklaýar. Gurama ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny we abadançylygyny goramaga gönükdirilen milli we halkara başlangyçlara mundan beýläk hem işjeň gatnaşmagyny dowam eder.




