BAŞ SAHYPA

2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenbaşy şäherindäki «Ýelken» Ýaşlar merkezi tarapyndan Halkara  ýaşulular güni mynasybetli Türkmenbaşy şäherindäki garrylar öýünde ýaşaýan ähli ýaşululara baýramçylyk çäresini  gurnadylar.

Ýaş meýletinçiler ýaşulular üçin aýratyn baýramçylyk konsertini taýýarladylar. Olar mähir we joşgun bilen döredijilik çykyşlaryny ýerine ýetirdiler: aýdym aýtdylar, saz çaldylar, goşgular okadylar, tans etdiler we döredijilik çykyşlary bilen tomaşaçylary begendirdiler.Çäräniň ahyrynda ýaşululara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Meýletinçiler ýaş nesliň ýaşulylara bolan ünsüni, mährini we hormatyny görkezmek bilen olaryň kalbyny begençden doldurdy.

Bu çäre ýaş nesliň haýyr-sahawat başlangyçlarynda gatnaşmagynyň ähmiýetini görkezmek bilen birlikde, ýaşululara hormat goýmagyň we ýagşy işleriň ajaýyp nusgasyna öwrüldi.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
19708570
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
177
4773
117574
307258
19708570

Siziň IP: 216.73.216.11
2025-10-23