BAŞ SAHYPA

Bütin dünýäde ekologiýa babatynda  howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar. Bu ugurda Ýurdumyzda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda howanyň üýtgemegi netijesinde ekologiýany arassa saklamak ugrunda giň-gerimli zerur işler durmuşa ornaşdyrylýar. Muňa baglylykda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähimli sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hem 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan BMG-niň Çagalar Gaznasy (UNICEF) bilen bilelikde “Ýer titremäniň we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligi ýokary bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy üpjün etmek we olara jogap bermek boýunça ýerli we milli mümkinçilikleri” ady bilen taslama meýilleşdiripdi. Asuda ýurdumyzda halkymyzyň howpsuz, arkaýyn durmuşda erkana ýaşamagyny gazanmakda tassyklanan meýilnama laýyklykda dürli ulgamlardaky wekilleriň gatnaşmagynda ýerlerde derwaýys çäreleriň geçirilmegi dowam edýär. Ady agzalan taslamanyň çäginde şu ýylyň oktýabr aýynyň 07-de milli konsultantlar tarapyndan welaýatyň Türkmenabat şäherindäki 29-njy daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebinde we Çärjew etrabynda ýerleşýän 58-nji orta mekdebinde mugallymlaryň we okuwçylaryň hem-de Lebap welaýat raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda usuly okuw maslahaty geçirildi.  Halkymyzy, ýaş neslimizi döräp biläýjek adatdan daşary ýagdaýlara, tebigy betbagtçylyklara hem-de tehnogen hadysalara taýýarlamak, olary wagtynda habarly etmek, olaryň taýýarlygyny ýokarlandyrmak, şol ýagdaýlarda özüňi alyp barmaklygy we lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekligiň düzgünlerini öwretmek halkymyzyň röwşen gelejegi üçin bähbitlidir. Bu kämilleşdiriş okuw çäreleri bir hepde dowam eder. 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Noyabr 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
27 28 29 30 31 1 2
3 4 5 6 7 8 9
10 11 12 13 14 15 16
17 18 19 20 21 22 23
24 25 26 27 28 29 30
19771628
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6225
6968
6225
174407
19771628

Siziň IP: 216.73.216.118
2025-11-01