Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň we BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) bilelikdäki “Ýer titremäniň we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligi ýokary bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy üpjün etmek we olara jogap bermek boýunça ýerli we milli mümkinçilikleri” taslamasynyň meýilnamasyna laýyklykda ýurdumyzda taslama boýunça milli maslahatçysy tarapyndan 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 07-ne Milli jemgyýetiň Lebap welaýat bölüminiň guramaçylyk etmeginde Türkmenabat şäherindäki 29-njy daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebinde we Çärjew etrabynda ýerleşýän 58-nji orta mekdebinde “Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek we olaryň töwekgelçiliklerini azaltmak. Lukmandan deslapky ilkinji kömek” atly usuly okuw maslahaty geçirildi. Degişli orta mekdepleriň bilim işgärleriniň, okuwçylarynyň we Lebap welaýat raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen usuly okuw maslahatynda adatdan daşary ýagdaýlara çagalaryň zerurlyklaryny, gender meselelerini we Lukmandan deslapky ilkinji kömek bermekligiň düzgünlerini ýaşlara öwretmek we kämillerdirmek, durmuş ýagdaýlaryny göz öňünde tutmak arkaly taýýarlyk görmek babatynda usuly tejribeler alyşyldy, prezentasiýa arkaly täsirli çykyşlar diňlenildi we degişli wideoroliklere tomaşa edildi. Şeýle-de maslahata gatnaşan wekillere geçirilen usuly okuw çäresinde wagyz edilen möhüm meseleleri welaýatyň çäginde ýerlerde durmuşa geçirmek ündeldi.