BAŞ SAHYPA

Güýz we gyş möwsüminiň başlanmagy bilen howanyň sowamagy netijesinde gyzdyryjy enjamlaryň giňden ulanylýan döwri başlanýar. Şunuň bilen baglylykda, öýlerde we iş ýerlerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerine berk berjaý etmek aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň işgärleriniň arasynda, Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň wekilleriniň gatnaşmagynda düşündiriş işleri geçirildi. Çäräniň  dowamynda hünärmenler gyzdyryjy enjamlaryň dogry we howpsuz ulanylyşy, elektrik simleriniň kadaly ýagdaýda saklanylmagy, hem-de ýangyn ýüze çykan halatynda nädip dogry hereket etmelidigi barada giňişleýin maglumat berdiler. Işgärler bilen geçirilen söhbetdeşlikde, öýlerde gaz ojaklarynyň, peçleriň we elektrik enjamlarynyň ulanylyşynda iň köp duş gelinýän ýalňyşlyklar hem agzalyp geçildi. Şeýle-de, ýangyn ýüze çykan ýagdaýda tiz habarly bolmak üçin degişli hyzmatlaryň telefon belgileri ýatladyldy. Şeýle çäreler halkyň arasynda howpsuzlygyň medeniýetini ýokarlandyrmakda we ýaşaýyş jaýlarynda, edara-kärhanalarda ýangyn töwekgelçiligini azaltmakda möhüm ähmiýete eýedir.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
19952541
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
11281
12562
187138
174407
19952541

Siziň IP: 216.73.216.86
2025-11-17

Связь с нами