BAŞ SAHYPA

TGÝMJ-ti 2025-nji ýylyň 15-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Aşgabat seýilgähinde Birleşen Milletler Guramasy ýerli jemgyýetçilik guramalary we Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde “Biz dürli, biz deň” atly festiwaly geçirildi.
Festiwal her bir adamyň özüni jemgyýetiň bir bölegi hökmünde duýup biljek howpsuz we inklýuziw gurşawyny  döretmäge bagyşlandy. Şeýle hem bu çäre Bütindünýä Maýyplar gününe (3- nji dekabr) gabat gelýär we deňlik hem elýeterlilik meselelerine üns çekmäge gönükdirilendir.

Bu festiwalda  Türkmenistanyň Gyzyl  Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hünärmenleriniň we meýletinçileriniň  gatnaşmagynda  çagalar üçin surat bäsleşigi, wiktorinalar, akwagrim,  dürli ýaryşlar gurnadylar. Bu ýere gelenlere aýdym-saz we tans çykyşlary, fleşmob ýaly gyzykly güýmenjeler bilen  wagtlaryny şadyýan  geçirdiler.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
20209221
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
5381
12672
95920
347898
20209221

Siziň IP: 216.73.216.1
2025-12-08

Связь с нами