2025-nji ýylyň 3–5-nji noýabry aralygynda Gresiýanyň Afina şäherinde Ýewropa Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň ýokanç keseller - SPID/HIV, gepatitler, inçekesel (TB) we neşekeşlik meseleleri boýunça torunyň (ERNA) XXII Baş mejlisi geçiriler. Çäre Gresiýanyň Gyzyl Haç jemgyýeti tarapyndan, Gresiýanyň Saglyk ministrligi we Afina şäher häkimiýeti bilen hyzmatdaşlykda gurnalar.
Mejlisiň şygary - “Jemgyýetçilik saglygy goraýyş çärelerini berkitmek: SPID/HIV, gepatit, inçekesel we neşekeşlige garşy bilelikde göreşmek”- bolup, oňa Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň, halkara guramalaryň hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri gatnaşarlar.
Duşuşykda ERNA-nyň 2026 - 2035-nji ýyllar üçin täze strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagy, üstünlikli tejribeleriň alyşylmagy we jemgyýetçilik saglygyny hem-de goragsyz toparlary goldaýan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekiliýeti hem bu çärede çykyş edip, SPID/HIV, inçekesel we beýleki jemgyýetçilik ähmiýetli keselleriň öňüni alyş we bejeriş ugurlary boýunça tejribe alyşmaga gatnaşar.
#ERNA2025 #RedCross #CommunityHealth #HumanitarianAction #HealthForAl





