BAŞ SAHYPA

Her ýyl giňden bellenilýän 3-nji dekabr – Halkara Maýyplar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan aýratyn many-mazmunly çäre gurnaldy. Bu baýramçylyk dabarasy Türkmenistanyň Körler we Kerler jemgyýetiniň Daşoguz welaýat sebitindäki önümçilik ilkinji guramasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Çäräniň dowamynda welaýat bölüminiň "Zehin" ýaşlar merkeziniň meýletinçileri özleriniň  taýýarlan döredijilik çykyşlaryny görkezdiler. Meýletinçiler joşgunly aýdym-sazly çykyşlary, belent ruhly tanslary hem-de terbiýeçilik ähmiýetli sahna oýunlary bilen gatnaşyjylaryň ünsüni özlerine çekdiler.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
20153531
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2550
12438
40230
347898
20153531

Siziň IP: 216.73.216.1
2025-12-04

Связь с нами