2025-nji ýylyň 3–5-nji noýabry aralygynda Gresiýanyň paýtagty Afinyda “Jemgyýetçilik saglygyna garşy hereketleri berkitmek: AIW/AIDS, gepatit, inçekesel we neşe ulanmak bilen bagly meseleleri bilelikde çözmek” ady bilen ERNA-nyň (Ýewropa Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň AIW, AIDS we inçekesel boýunça ulgamy) ýyllyk duşuşygy geçirilýär.
Bu çäre Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Gyzyl Haç hem-de Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetleriniň volbaşçylarynyň, wekillerini, şeýle hem jemgyýetçilik saglygy ugrunda işleýän halkara hyzmatdaşlaryny birleşdirýär. Duşuşygyň maksady milli jemgyýetleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýokanç keseller bilen göreşmekde tejribe alyşmak we jemgyýetleriň durnuklylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Duşuşygyň maksatnamasynyň çäginde gatnaşyjylar AIW/SPID-iň, wirus gepatitleriniň, inçekeseliň öňüni almak hem-de psihikiaktiw maddalaryň ulanylmagy bilen bagly meseleleri çözmek boýunça häzirki zaman çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Şeýle hem jemgyýetleriň işjeň gatnaşygyny üpjün etmäge, howply (ýetim, ejiz) toparlara sosial goldaw bermäge we lukmançylyk hem-de profilaktika hyzmatlaryna elýeterliligi giňeltmäge aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekiliýetiniň ERNA-nyň ýyllyk duşuşygyna gatnaşmagy halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge, bilim we tejribe alyşmaga hem-de ýurdumyzda jemgyýetleriň saglygyny goramak, olaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça başlangyçlary ösdürmäge uly goşant goşýar.






