BAŞ SAHYPA

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi, Bilim müdirligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy bilen bilelikde 4-nji maýda “Adatdan daşary ýagdaýlarda Gyssagly kömek” bäsleşigini geçirdiler. Oňa şäheriň №24-nji orta mekdebiň okuwçylary gatnaşdylar. 

Bäsleşik Halkara Gyzyl Haç  we Gyzyl Yarymaýyň 160 ýyllygyna bagyşlandy.

Mekdep okuwçylary adatdan daşary ýagdaýlarda tiz garşy durmak, tebigy betbagytçylyklaryň pidalaryna kömek bermek we olaryň başarnyklaryny görkezmeli boldylar. Bu bäsleşik okuwçylara adatdan daşary ýagdaýlarda tebigy şertlerinde degişli çäreleri gormek we olaryň başarnyklaryny ösdürmäge mümkinçilik berdi.  

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyun 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
27 28 29 30 31 1 2
3 4 5 6 7 8 9
10 11 12 13 14 15 16
17 18 19 20 21 22 23
24 25 26 27 28 29 30
12926595
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1544
18150
357709
602266
12926595

Siziň IP: 3.236.142.143
2024-06-19