BAŞ SAHYPA

 Awaza milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji kömek boýunça tälimçileri taýýarlamak üçin okuw-türgenleşik sapagy geçirildi. Oňa ýurduň ähli welaýatyndan we Aşgabat şäherinden jemi 17 adam gatnaşdy.

  Gyzyl Ýarymaý Mulli jemgyýetiniň işgärlerini bäş güniň içinde ilkinji ruhy goldaw we lukmandan deslapky ilkinji kömek bermekligiň tälimlerini öwretmek okuw kursyny geçmek bilen gözükdirijileri taýýarlandy. Okuw wagtynda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Federasiýasynyň wideo arkaly materiallary we modullary,  tälimçiler üçin görkezmeler ulanyldy. 

  Okuw-maslahaty tamamlanandan soň gatnaşyjylara 40 sagatlyk okuw-maslahatynyň tälimçilik şahadatnamasy berildi.

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15609329
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
15122
14629
390712
609071
15609329

Siziň IP: 3.133.108.224
2024-11-26