Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 28-nji dekabrynda çykaran 1630 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyna” laýyklykda Lebap welaýatynda toplumlaýyn tälim beriş okuwlaryna taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek maksady bilen “Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda” 28.01.2026-njy ýyldaky 13B belgili buýrugyna esaslanyp, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi hem adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak baradaky welaýat toparynyň agzasy bolmak bilen Lebap welaýatynyň Raýat Goranyş we Halas Ediş Müdirligi, Lebap welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy, Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirligi, Lebap welaýat Polisiýa müdirligi, Lebap welaýat Saglygy goraýyş müdirligi, Lebap awtomobil ýollary ulanyş müdirligi şeýle-de Lebap welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi ýaly Lebap welaýatynyň häkimýetiniň ýerli dolandyryş edaralary bilen bilelikde welaýatynyň Farap etrabynyň çäginde “Adamlaryň Türkmenistana gyssagly köpçülikleýin gelen halatynda, olara wagtlaýyn goragyň berilmegi bilen bagly Lebap welaýatynyň çäklerinde döräp biljek adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek” atly türgenleşik okuwy geçirildi. 135 adamyň gatnaşmagyndaky okuw türgenleşiginiň dowamynda ilaty adatdan daşary ýagdaýlara, tebigy betbagtçylyklara hem-de tehnogen hadysalara taýýarlamak, olary guramaçylykly howpsuz guşaklyga göçürip ýerleşdirmek, halk köpçüligini wagtynda habarly etmek, olaryň taýýarlygyny ýokarlandyrmak , şol ýagdaýlarda özüni alyp we Lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekligiň düzgünlerini öwretmek boýunça giň gerimli amallar ýerine ýetirildi. Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň köp taraply ugurlar boýunça işleýän işgärleri hem-de höwesjeň meýletinçileri tälim-türgenleşik meýdanynda özleriniň iş başarnyklaryny görkezmek bilen ýurdumyzda ynsan goraglylygynyň has wajypdygyny ýene bir gezek subut etdiler.





