BAŞ SAHYPA

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at - myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylymyzda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli 1-30-njy aprel aralygynda  ýurdumyzda  yglan  edilen “Sagdynlyk  we  bagtyýarlyk” atly  köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş medeni çäreleriň biraýlygynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň 14-nji sport mekdebiniň açyk meýdançasynda mekdep okuwçylardan düzülen Ýaş ýangyn söndüriji toparlaryň arasynda ýangyn-amaly sport bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň “Ýangyn howpsuzlygy hakyndaky” Kanunynyň 5-nji maddasynyň 2-nji böleginiň 8-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň  Içeri işler ministriniň 2026-njy ýylyň mart aýynyň 28-däki çykaran №26 belgili buýrugyna esaslanyp geçirilen bäsleşikde welaýatyň, Garabekewül, Farap, Kerki, Döwletli, Köýtendag, Halaç, Hojambaz, Dänew, Darganata we Çärjew etraplaryndan mugallymlarynyň jogapkärçiliginde gelen mekdep okuwçylary öz başarnyklaryny görkezip ýangyn howpsuzlugynyň düzgünlerini dogry berjaý etmek bilen bu ugurda taýýarlan çykyşlary boýunça bäsleşdiler. Gaty çekeleşikli we täsirli geçen ýaşajyk ýangyn söndürijileriň ussatlyk bilen ýerine ýetiren jogapkärli wezipeleýin çykyşlaryna Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşiginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň, şeýle-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň wekilleri tarapyndan syn berilip bäsleşigiň ýeňijilerini gazanan ýeňişi bilen gutladylar. 1-nji ýere Garabekewül etrabynyň, 2-nji ýere Çärjew etrabynyň şeýle-de  3-nji ýere Farap etrabynyň ýaş ýangyn söndüriji toparlary eýe boldular. Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşigi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölümi öz gezeginde her bir topary hormat hatlary, medallar we diplomlar, bäsdeş toparlaryndan saýlanyp 1-nji ýere mynasyp bolan Garabekewül etrabynyň mekdep okuwçylary öz bäşarnyklaryny işjeňlik bilen görkezip tapawutlanandyklary üçin kubok bilen sylaglady. Bäsleşigiň soňunda ýangyn-amaly sport dabarasyna gatnaşan mekdep okuwçylarynyň yhlasynyň, gujur-gaýratynyň, başarnyklarynyň gelejekde Watanymyzyň gülläp ösmegine  ullakan  goşant  boljakdygy bellenip geçildi we Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň jogapkär işgärleri elektrik enjamlaryny, elektrik ulgamlaryny ulanmagyň düzgünleri, yşyklandyryş enjamlaryny abat saklamagyň we ulanmagyň düzgünleri, görnüşine garamazdan ähli edara-guramalarda ýangyna garşy germewde bolmaly enjamlar, şol sanda ot-söndüriji enjamlaryň abatlygy, olary ulanmagyň düzgünleri, umuman ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmegiň kadalary barada ýatladyp geçdiler.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
22242262
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6848
14413
253401
431495
22242262

Siziň IP: 216.73.217.94
2026-04-18

Связь с нами