2026-njy ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň gurnamagynda Mary welaýat bölüminiň Tagtabazar etrabynda ýerleşýän 9-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda “Saglygym-baş baýlygym” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Saglygy Goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümi boýunça alynyp barylýan işleri barada aýdylyp geçildi. Esasan-da howanyň uýtgemegi bilen adam bedenine ýetirýän täsirleri barada mowzuk okaldy. Bu çärä Tagtabazar etrap hassahanasynyň şepagat uýasy okuwçylara temmäkiniň ýaş nesiliň aňyna ýetirýän zyýany barada, okuwçylaryň saglygyny goramak üçin gündelik bedenterbiýe maşklarynyň ýerine ýetirilmelidigi, zyýanly endiklerden daşda durmalydyklary barada gyzykly gürrüňler berdi. Mekdebiniň mugallymy bolsa mekdep okuwçylaryna tertip-düzgüni barada köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň edebi barada, ösüp gelýän kiçi ýaşly çagalara görelde bolmalydyklary barada maslahat berdi.


