Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri tarapyndan 8-nji maý - Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň esaslandyrylmagynyň 163 ýyllygy hem-de Ýeňiş güni mynasybetli Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda döredijilik ruhuny we ynsanperwerlik gymmatlyklaryny wagyz etmek maksady bilen surat bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda ýaş suratkeşler parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik, watansöýüjilik hem-de mähir-sahawat ýaly gymmatlyklary öz surat eserleriniň üsti bilen çeper beýan etdiler. Gatnaşyjylar özleriniň döredijilik başarnyklaryny görkezmek bilen, baýramçylyk ruhuny şöhlelendirýän täsirli eserleri hödürlediler. Çäräniň ahyrynda işjeň gatnaşan okuwçylara TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle çäreler ýaş nesilleriň döredijilik ukyplaryny ösdürmekde, ynsanperwerlik düşünjelerini berkitmekde hem-de jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.





