BAŞ SAHYPA

Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlar bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmek, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir» diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň Garaşsyzlyk etrap wekili tarapyndan wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çäre Garaşsyzlyk etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçylarynyň arasynda guralyp, onda häzirki zaman türkmen jemgyýetimizde milli mirasymyzyň ähmiýeti  giňişleýin düşündirildi. Hususan-da, ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň — keşdeçilik, gaýma, örüm sungaty we tikinçilik ýaly hünärleriň gymmaty barada gürrüň berildi. Şeýle-de okuwçylara nusgalyk türkmen zenany Ogulabat ejäniň göreldeli ömür ýoly barada täsirli maglumatlar ýetirilip, onuň zähmetsöýerligi, başarnygy we asylly häsiýetleri ýaş nesiller üçin görelde hökmünde görkezildi. Çäräniň dowamynda milli lybaslarymyzyň we haly nagyşlarymyzyň mukaddesligi, olaryň halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy aýratyn nygtaldy. Geçirilen wagyz çäresi ýaş nesillerde milli gymmatlyklarymyza bolan söýgini artdyrmaga, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge hem-de watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine oňyn täsir etdi.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
22213447
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8616
15189
224586
431495
22213447

Siziň IP: 216.73.216.22
2026-04-16

Связь с нами