BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti döwletimiziň  ynsanperwerlik işi esasynda ilata adatdan daşary ýagdaýlarda kömek bermekde, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik Maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, şonuň ýaly-da, Halkara Ynsanperwerlik hukugy hem-de Hereketiň esas goýujy ýörelgeleri hakyndaky bilimleri ýaýratmakda işjeň kömekçisi bolup durýar.

     2026-njy ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň, “Milli jemgyýetiň ynsanperwerlik  işinde kömekçi wezipesini goldamak” taslamasy boýunça hünärmeni tarapyndan Türkmenabat şäherinde ýerleşen harby bölümiň esgerleriniň, seržantlarynyň we serkerdeleriniň gatnaşmagynda, Halkara ynsanperwerlik hukugy, ynsanperwerlik hukugynyň ulanylyşy, ýerine ýetirilişi, ynsanperwerlik nyşanlary, maşgala aragatnaşyklaryny dikeltmek baradaky mowzuk boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäraniň dowamynda çykyş eden esgerler we serkerdeler halkara ynsanperwerlik hukugy baradaky düşünjeleriniň artandygyny, TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeninň geçiren çäresini uly kanagatlanma bilen kabul edendikleri barasynda belläp geçdiler.

     Harby gullukçylaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat işleri – bu ýöne bir okuw däl, eýsem, Watan goragçysynyň ruhuny belent tutmak we döwletiň bähbitlerini goramak üçin gönükdirilen möhüm döwlet işidir.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
22623188
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
11491
15237
203979
430348
22623188

Siziň IP: 216.73.216.183
2026-05-14

Связь с нами