BAŞ SAHYPA

14-nji aprelde men Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde «Stigma we diskriminasiýa» atly seminar geçirildi. Bu seminarda «stigma we diskriminasiýa» ýaly düşünjeler, olaryň ýüze çykmagynyň sebäpleri we aradan aýrylmagy barada. Seminaryň dowamynda geçirilen interaktiw oýunlar meseläniň düýp mazmunyna has aýdyň düşünmäge kömek etdi. Bir wakanyň adamdan adama geçirilmegi baradaky oýun bolsa maglumatyň her bir adamyň şahsy garaýşyna görä nähili üýtgeýändigini we hakyky hem-de dogry maglumatdan nähili derejede daşlaşýandygyny görkezdi. Emma iň täsirli pursat ýazgyly tagtajyklar bilen geçirilen iň soňky oýun boldy. Bu seminar örän möhüm we täsirli boldy, ol her birimize diňe bir adamyň durmuş şertlerine däl-de, eýsem onuň ynsan mertebesine sarpa goýmagy, kemsitmelere garşy durmagy we her bir adama hormat goýmalydygyny ögretdi. Öz garaýşymyzy üýtgetmek arkaly adamyň hakykaty görmegine we birek-birege has uly ynsanperwerlik bilen seretmegine päsgel berýän ýalňyş pikirlerden hem-de öňünden dörän nädogry garaýyşlardan ybarat bolan diwarlary ýykyp bileris.

Aşgabat şäheriniň meýletinçisi — Oguljan Durdyýewa

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
22310352
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
5205
13081
321491
431495
22310352

Siziň IP: 216.73.217.31
2026-04-23

Связь с нами