BAŞ SAHYPA

Ýurdumyzda ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmek we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň  biri bolup durýar. Şu maksat bilen, Daşoguz welaýatynda nobatdaky möhüm tälim beriş okuwy üstünlikli geçirildi. Daşoguz welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň, TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hem-de degişli döwlet edaralarynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu okuw Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda ýaýbaňlandyryldy. 2026-njy ýyl üçin tassyklanan iş meýilnamasyna laýyklykda geçirildi. Tälimiň esasy maksady — adamlaryň Türkmenistana mejbury ýagdaýda köpçülikleýin göçüp gelen ýagdaýlarynda, olara wagtlaýyn gorag bermek bilen bagly ýüze çykyp biljek adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary netijeli aradan aýyrmakdan ybarat boldy. Okuwyň dowamynda halas ediş gulluklarynyň işgärleri bilen bir hatarda, TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri we meýletinçileri hem işjeň gatnaşyp, özleriniň taýýarlyk derejesini görkezdiler. Olar çylşyrymly ýagdaýlarda çalt we takyk hereket etmegiň usullaryny iş ýüzünde synagdan geçirdiler.  Şeýle-de degişli edaralaryň arasynda utgaşykly iş alyp barmagyň möhümdigi aýratyn bellenildi. Geçirilen çäre diňe bir tejribe alyşmak üçin däl, eýsem geljekde ýüze çykyp biljek howplara öňünden taýýarlyk görmek babatda hem uly ähmiýete eýe boldy.  Bu bolsa ýurdumyzda parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň ygtybarly üpjün edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
22521316
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2569
14349
102107
430348
22521316

Siziň IP: 216.73.216.130
2026-05-08

Связь с нами