BAŞ SAHYPA

Şu ýylyň 3-nji dekabrda  TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölüminiň “Gaýrat” meýletinçiler merkeziniň  meýletinçileri  Halkara Maýyplar güni mynasybetli   çäre gurnadylar. Meýletinçiler jemgyýetde ynsanperwerligi ösdürmek maksady   bilen, Türkmenabat şäherindäki 5-nji mekdep-internatynda biriinji synpdan üçünji synpa çenli  ses we sözleýiş taýdan kemçilikli çagalaryň  arasynda geçirdiler.

Çäräniň baş maksady bolsa maýyp çagalaryň durmuşyna pozitiw täsir ýetirmek we olaryň döredijilik ukyplaryny goldamak boldy. Şeýlelikde, çäre meýletinçiler tarapyndan taýýarlanan çyzgylary, aplikasiýalary döretmäge gatnaşdylar. Olar reňkli kagyzlary kesip, taýýar çyzgylara ýelmäp, özboluşly suratlary döretdiler. Bu  bolsa çagalaryň  gözlerinden döredijilik işlerine gyzyklanma we joşgun döretdi. Meýletinçiler çagalaryň her birine goldaw berip, olaryň erkin döredijilik pikirlerini durmuşa geçirmäge ýardam berdiler. Çäräniň ahyrynda  okuwçylara   meýletinçiler tarapyndan  ýygnalan ýumşak oýunjaklary gowşuryldy. Bu bolsa, çagalaryň ýüreklerinde ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary galdyrdy.

TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölüminiň meýletinçileri jemgyýetde agzybirligi we ynsanperwerligi ösdürmekde uly işleri amala aşyrýarlar. Halkara Maýyplar güni mynasybetli gurnalan bu çäre hem olaryň üstünlikli başlangyçlarynyň biridir. Bu çäre diňe bir maýyp çagalar üçin däl, eýsem, meýletinçileriň özleri üçin hem ruhy gymmatly boldy.

 

TGÝMJ-niň Lebap welaýaty  bölüminiň ýaşlar we meýletinçiler 

boýunça hünärmeni                                                                 Jumaýew Dawran.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16108359
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
11145
13208
458754
430988
16108359

Siziň IP: 3.135.214.226
2024-12-30