BAŞ SAHYPA

Halkara maýyplar  güni bolan  3-nji  dekabrda  TGÝMJ-niň  Ahal welaýat bölüminiň meýletinçileriniň  kömegi  bilen bolsa meýletinçileriň  maýyp çagalaryň  durmuşynda  ruhy goldaw bermek maksady bilen gurnadylar. Olaryň başlangyjy esasynda ýygnalan dürli görnüşli sowgatlar, şol sanda ýumşak oýunjaklar, okuw esbaplary we beýleki peýdaly harytlar, maýyp çagalaryň ýüreklerini şatlandyrdy. Meýletinçiler her bir çaga aýratyn üns berip, olara guwanç, söýgi we duýgudaşlyk duýgularyny bagyş etdiler. Çagalaryň ýylgyryşlary, olaryň sowgatlary alandan soňky tolgunmasy we şatlygy, her bir adam üçin bu işiň nähili uly ruhy gymmata eýedigini görkezdi.Meýletinçiler şeýle çäreleriň diňe bir maýyplara däl, eýsem, jemgyýetiň ähli agzalaryna ynsanperwerligiň we goldaw bermegiň nusgalyk göreldesini görkezýändigini bellediler. Bu bolsa jemgyýetde jebisligi we biri-birine hormat goýmagy berkitmegiň möhüm ýoludyr.

Meýletinçileriň pikiriçe, şeýle çäreler olaryň özleri üçin hem möhüm ruhy tejribe bolup durýar. Sebäbi ynsanperwerlik we goldaw bermek diňe bir beýleki adamlary begendirmek bilen çäklenmän, özüňi hem ruhy taýdan baýlaşdyrýar. Halkara Maýyplar güni ýaly möhüm seneler her bir adamyň ýüreginde ynsanperwerlik duýgusyny ösdürmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Şeýle çäreler diňe bir häzirki döwürde däl, eýsem, geljek nesiller üçin-de ynsanperwerligiň we agzybirligiň hakyky nusgasy bolup hyzmat eder.

 

TGÝMj-niň Ahal  welaýat bölüminiň

 guramaçylyk işleri boýunça  başlygy                          H.Nurlyýew.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15966274
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10526
21971
316669
430988
15966274

Siziň IP: 18.227.48.208
2024-12-21