Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri uly höwes bilen, tyl weteranlaryna sylag-hormatlarynyň çäksizligini bildirmek üçin öýlerine gidip sowgatlar gowşurmak hem-de dürli çykyşlary bilen weteranlaryň göwnüni göterdiler. Söweş ýyllarynda ýaşlygy geçen tyl weteranlary geçen ýyllarynda geçen kyn günlerini ýatlap dürli wakalary aýdyp berdiler. Edilen gürrüňdir çykyşlaryň esasynda jemgyýetiň işgärleri, meýletinçileri hem-de tyl weteranlary şu günki günde asuda arassa asmanda ýaşamaklygyň özi, uly bagtyň alamaty diýip uly söýgi bilen belläp geçdiler.