BAŞ SAHYPA

Toýlary goşa-goşadan gelýan Türkmen ilim bu gün hem “Pähim paýhas ummany- Magtymguly pyragy”  ýylynda tebigata görk berip, halka şatlyk paýlaýan ajaýyp Milli bayramlaryň biri bolan Nowruz baýramy mynasybetli Ýurdumyzyň ähli künjeginde bellenilip geçilýan bu şatlykly dabara Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda hem  uly şatlyk şowhun bilen baýramçylyk çäresi çeçirildi. TGÝMJ-niň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň meýletinçileri hem baýramçylyk çäresinde Ata-Watanymyzy,  gözel tebigatymyzy, Milli mirasymyzy wasp edip aýdym sazly çykyşlar we  ýaşlaryň arasynda surat çekmek basleşigi geçirildi. Jemgyýetiň meýletinçileriň çykyşlary halk köpçüliginde uly tasir galdyryp buýsanç söýgüsini döretdi, ruhyny galkyndyrdy.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Dekabr 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
25 26 27 28 29 30 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 31 1 2 3 4 5
15650010
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
405
7617
405
430988
15650010

Siziň IP: 18.226.214.91
2024-12-01