Toýlary goşa-goşadan gelýan Türkmen ilim bu gün hem “Pähim paýhas ummany- Magtymguly pyragy” ýylynda tebigata görk berip, halka şatlyk paýlaýan ajaýyp Milli bayramlaryň biri bolan Nowruz baýramy mynasybetli Ýurdumyzyň ähli künjeginde bellenilip geçilýan bu şatlykly dabara Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda hem uly şatlyk şowhun bilen baýramçylyk çäresi çeçirildi. TGÝMJ-niň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň meýletinçileri hem baýramçylyk çäresinde Ata-Watanymyzy, gözel tebigatymyzy, Milli mirasymyzy wasp edip aýdym sazly çykyşlar we ýaşlaryň arasynda surat çekmek basleşigi geçirildi. Jemgyýetiň meýletinçileriň çykyşlary halk köpçüliginde uly tasir galdyryp buýsanç söýgüsini döretdi, ruhyny galkyndyrdy.