Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ýaşlar barada edýän atalyk aladalaryndan, öwüşgünli badalgalaryndan ugur alyp, TGÝMJ-niň Ahal welaýat bölümi adamlaryň durmuşda biri-birine ynsanperwerlik gatnaşyklaryny saklamaklygy üçin, ýaşlaryň arasynda TGÝMJ-niň taryhy döreýşi we alyp barýan ynsanperwer işleri barada wagyz-nesihat okuw çäreleri yzygiderli geçirýär. TGÝMJ-niň Ahal welaýat bölümi TGÝMJ-niň döredilen güniniň 98-ýyllygy mynasybetli ýaş meýletinçiler bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 27-nji orta mekdebinde wagyz-nesihat çäresini geçirdi.